Döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelen Magtymguly Pyragy milletimiziň buýsanjydyr, onuň umman ýaly giň döredijiligi halkymyzyň ruhy baýlygydyr, bütin adamzadyň gymmatly hazynasydyr. Çünki beýik akyldaryň döredijiligi bütin adamzady agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýar. Şundan ugur alsak, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, şahyryň eserlerine siňdiren berkarar ýurt gurmak, haýyr-sahawatlylyk, edep-ekram, sylag-hormat, sahylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik baradaky filosofik pikirleri, ynsanperwer garaýyşlary, şahyrana öwüt-ündewleri biziň milletimiziň müdimi ýörelge edinen durmuş mekdebidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda asyrlara barabar üstünlikler gazanylyp, ýurdumyz toý donuna beslenýär, halkymyz ak geljegine ynamly barýar. Täze taryhy eýýamda milli mirasymyzy, nusgawy edebiýatymyzy öwrenmäge, wagyz etmäge, ýaýratmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki günlerde söz mülküniň soltany, şygryýet äleminiň şasy, nusgawy edebiýatymyzyň göwher gaşy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilmegi-de aýdanlarymyzy doly subut edýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň döwlet derejesinde baýram edilmegi-de guwandyryjydyr.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 20-nji iýunynda Türkmen oba hojalyk institutynda «Milli medeniýetimiz we sungatymyz halkymyzyň ruhy baýlygydyr» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahata hödürlenen onlarça çykyşlar «Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy sütüniniň almaz täjidir», «Magtymguly Pyragynyň şygyrýeti – milli akyl-paýhasyň çeşmesi», «Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň taryhy we häzirki zaman aýratynlyklary», «Türkmenistan – irki ekerançylyk we şäher medeniýetiniň Watany», «Magtymguly Pyragy – türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujydyr» atly bölümçelerde diňlenildi.
«Milli medeniýetimiz we sungatymyz halkymyzyň ruhy baýlygydyr» atly geçirilen ylmy-amaly maslahatda diňlenilen çykyşlarda şygyrýet mülküniň şasy Magtymguly Pyragynyň ynsan kalplarynyň lukmanyna, onuň goşgularynyň ýaraly ýürekleriň melhemine, joşgunly göwünleriň baýdagyna, peselen duýgulary ruhlandyryjy güýje deňelýän goşgularynyň terbiýeçilik, öwredijilik gymmaty, şeýle ägirt uly ruhy güýje eýe bolan dana şahyr türkmen edebiýatynyň täze döwrüniň kerwenbaşysy bolup taryha girendigi, Magtymguly Pyragynyň Jemşidiň jamyny ýada salýan gyzyldan gymmatly döredijilik mirasynyň berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze röwüş, täze öwüşgin bilen ýalkym saçyp, göz gamaşdyryjy ýyldyza öwürlip ýaýraýan sebitini giňeldip, muşdaklarynyň sanyny barha artdyryp barýandygyny, bu aýratynlygyň akyldar şahyryň paýhas damjalaryndan düzülen söz zynjyrlarynyň ynsan ýüregine we kalbyna täsir edijiliginiň ýokarylygynyň alamatydygy çeper sözüň üsti bilen täsirli teswirlendi.
Türkmen oba hojalyk institutynda «Milli medeniýetimiz we sungatymyz halkymyzyň ruhy baýlygydyr» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler nusgawy edebiýatymyza uly sarpa goýýan, onuň öwrenilmegi, wagyz edilmegi üçin zerur şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, başlan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.