Türkmen oba hojalyk institutynda bagtyýar ülkämize Bahar paslynyň gelmegi bilen şu günlerde ýurdumyzda dabaraly bellenilýän 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zeminiň görki siz mährem zenanlar» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Egsilmez ruhubelentlige beslenen baýramçylyk çäresinde bu ýokary okuw mekdebiniň «Bagtyýarlyk joşguny» döredijilik toparynyň aýdymçylary çykyş edip, özleriniň hoş owazlary bilen dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Olarda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen eşretli zamanada, baky bagtyň gujagynda ýaşaýan zenanlarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüş-özgerişlerinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan belent sepgitlerde mynasyp paýynyň bardygy giňişleýin beýan edildi.
Şeýle-de baýramçylyk çäresinde arzuwlaryň hasyl bolýan ajaýyp zamanasynda Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleriniň mähriban zenanlarymyzyň, mährem enelerimiziň, baýdaga deňelýän gelin-gyzlarymyzyň waspyny belentden ýetirýän çykyşlar diňlenilip, olar baýramçylyk ruhuny has hem arşa galdyrdy. Ýerine ýetiren tanslar baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan zenanlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.
Zenan maşgalanyň görki, görki onuň tämizligindedir. Gelin-gyzlaryň içeri-daşarysynyň, geýýän egin-eşiginiň tämizliginden başga-da, kalp tämizligi, pikir päkizeligi, sözüň arassalygy, agraslygy, sadalygy olary gözel ahlak sypatlaryna eýe edýär.
Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk çäresinde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlara goýulýan sarpa, mähriban enelermiziň waspyny ýetirdiler.
Dabaralaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.