Türkmenistan hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň 11-nji martynda şu gün Arkadagly serdarymyzyň görkezmeleri esasynda Türkmen oba hojalyk institutynyň binýadynda döredilen «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO Klubynyň açylyş dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynyň we daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek babatynda öňe sürülýän döwlet syýasatyny netijeli alyp barmakda bu ugurdan ýokary derejeli oba hojalyk hünärmenlerini taýýarlaýan bilim ojagy bolan, Türkmen oba hojalyk institutynyň öňünde uly wezipeler durýar. Bu guramanyň alyp barýan işleriniň çäklerinde açylan ÝUNESKO Klubynda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ugry bolan daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek babatda ýurdumyzda geçirilýän çärelere we bu ugurdaky wagyz-nesihat işlerine klubyň agzalary işjeň gatnaşarlar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň we Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň başlangyjy bilen bu ýokary okuw mekdebiniň binýadynda döredilen «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO Kluby bu institutyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň beýik maksatlaryna eýerýän we gyzyklanma bildirýän talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň birleşmesidir. Olar ÝUNESKO-nyň alyp barýan işi bilen gös-göni bagly çäreleri durmuşa geçirip, bu halkara guramanyň işine işjeň gatnaşýarlar we onuň köpçülige ýaýradylmagyna, ýaşlaryň syýasy habarlylygynyň we hukuk medeniýetliliginiň ýokarlanmagyna ýakyndan ýardam edýärler.
Ir säherden badalga alan açylyş dabarasy ýokary okuw mekdebiniň giň eýwanynda guralan edebi-sazly çykyşlar bilen başlandy. Bu ýerde çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Klubyň esasy maksatlary we wezipeleri – Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugurlarynyň hem-de olaryň döwletimiziň daşky gurşawy goramak syýasatynyň çäklerinde sazlaşykly we toplumlaýyn esasda durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmakdan, degişli ugurlar boýunça ýöriteleşen professor-mugallymlaryň döredijilik we ylmy mümkinçiliklerini höweslendirmekden hem-de degişli hünärleriň talyplarynyň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmakdan we olary ýörite meýilnama esasynda geçirilýän medeni-köpçülik we syýasy-jemgyýetçilik çäreleriniň üsti bilen işjeň wagyz etmekden ybaratdyr.
«Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO Klubyň açylyşy mynasybetli guralan aýdym-sazly baýramçylyk çäresinde guralan milli gymmatlyklarymyzyň, senetçiligimiziň milli nusgalarynyň esasynda taýýarlanan sergi çärä gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Ýeri gelende aýtsak, klubyň maksatlaryndan we wezipelerinden gelip çykýan jogapkärçiligi, döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyny ýaşlaryň aňyna ýetirmekde, bu ugurda alnyp barylýan işleri wagyz-nesihat etmekde we ýaýbaňlandyrmakda hem-de olary doly derejede durmuşa geçirmekde döwletimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz - Arkadagly Serdarymyzyň tutuş ynsanyýetiň bähbitlerini nazarlaýan halkara başlangyçlary, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan ägirt uly üstünlikleri bize esasy ýol-ýörelgedir. Netijeliligi gazanmakda baş göreldedir.
Arkadagly serdarymyzyň görkezmeleri esasynda Türkmen oba hojalyk institutynyň binýadynda döredilen «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO Klubynyň açylyş dabarasy mynasybetli ýokary okuw mekdebiniň Medeniýet merkezinde geçirilen hoşallyk maslahaty işjeň häsiýeti bilen tapawutlandy.
Hoşallyk maslahatynda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO Klubynyň işiniň esasy ugurlary: Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, aýratyn-da ÝUNESKO barada maglumatlary ýaýratmakdan, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek hem-de tebigatda we jemgyýetde bolýan dürli hadysalary ylmy esasda öwrenmek we bu ugurda beýleki ugurdaş ylymlaryň gazananlaryny giňden peýdalanmakdan, ýaşlaryň ekologiýa babatda medeniýetini we habarlylygyny has-da kämilleşdirmekden hem-de bütindünýä medeni mirasyny öwrenmekden we ony goramakdan, şeýle-de bu ugurda işjeň durmuşy arabaglanyşygy we garaýyşlary, aýratyn-da sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden, ÝUNESKO-nyň halkara medeni, durmuş we bilim taslamalaryna gatnaşmakdan we ýaş zehinlere goldaw bermekden ybaratdyr.
Şonuň ýaly-da öz meýilnamasyna laýyklyka ÝUNESKO Kluby muzeýlere, kitaphanalara, sergilere we ş.m. medeni we okuw gezelençleri guraýar; wajyp halkara mowzuklar boýunça edebiýat, şygryýet, surat we fotosurat bäsleşikleri guraýar; medeni mirasy gorap saklamak we ony ýaýratmak, Bütindünýä mirasy barada Konwensiýany ýaýratmak, daşky gurşawy goramak, ýerli däp-dessurlary öwrenmek boýunça çäreleri geçirýär, klubyň agzalarynyň ýerine ýetiren sungat eserleriniň sergisini guraýar; parahatlygy saklamaklyga goşan goşandy üçin meşhur şahslaryň ýyllyklaryny belleýär, ylmy-amaly maslahatlary geçirýär we ÝUNESKO-nyň halkara medeni, durmuş we bilim taslamalara gatnaşmak üçin bäsleşik materiallaryny toplamak we bermek bilen meşgullanýar.
Döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň aýawly saklanmagyny we wagyz edilmegini üpjün etmäge, özi-de bütindünýä ähmiýetli halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlaryň Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bularyň ählisi-de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan halkymyzyň we umumadamzadyň asylly ýörelgeleriniň Ýer ýüzünde dabaralanmagynyň bähbidine gönükdirilen medeni we ylmy diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen oba hojalyk institutynyň binýadynda döredilen «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO Klubynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar baýramçylyk çäresiniň ahyrynda ata-baba dowam edip gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanýan Watany hökmünde dünýä tanadan, ähli yhlasyny we gujur-gaýratyny halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha we barha ýokarlandyrylmagyna gönükdirýän, goňşy we dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna gönükdirilen belent maksatlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyz - Hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.