Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyzyň syýasy durmuşynda bolup geçýän döwlet ähmiýetli çärelere giň gerim berilýär.
Bilşimiz ýaly şu gün Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda erkana Watanymyzda ýazky bag ekiş dabarasy egsilmez ruhubelentlik bilen geçirildi. Bu dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamak, ýurdymyzy gül-gülzarlyga öwürmek, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işleriň alynyp barylýandygyna şaýatlyk edýär we ekologiýa durnuklylygyny we howpsyzlygyny üpjün etmek, aýratyn hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli teklipleri hödürlemek bilen bir hatarda olary çözmek bilen baglanyşykly amala aşyrýan giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygyny subut edýär.
Häzirki döwürde ekologiýany arassa saklamak, oňa täzeçe çemeleşmek bütin dünýäde adamzady aladalandyrýan möhüm meseleleriň birine öwrülendigi baradaky çykyşlar maslahatyň düýp özenini düzdi.
Şundan ruhlanan Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary ýokary okuw mekdebiniň howlusynda bar bolan baglara ideg etmek, arassalamak, düýbini ýumşatmak şeýle-de birnäçe görnüşli miweli hem-de saýaly bag nahallaryny ekmek işlerini uly hyjuw bilen amala aşyrdylar. Munuň özi bolsa talyplarda ekologiýa medeniýetini has-da ösdürmek, gözel tebigatymyz bilen ysnyşykda bolmaklaryna aýratyn ýardam bermek bilen birlikde olaryň hünär endiklerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär.