“Nowruz gelse äleme – reň kylar jahan peýda” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda bagtyýar ülkämize Bahar paslynyň gelmegi bilen şu günlerde ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Milli Bahar baýramy mynasybetli gurnamagynda “Nowruz gelse äleme – reň kylar jahan peýda” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk çäresinde bu ýokary okuw mekdebiniň “Bagtyýarlyk joşguny” döredijilik toparynyň aýdymçylary çykyş edip, özleriniň hoş owazlary bilen dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Olarda berkarar Watanymyzyň, asuda asmanyň astynda parahat ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüş-özgerişleriniň waspy belentden ýaňlandy.

Şeýle-de institutyň binalar toplumyna özboluşly gelişik berip oturan Medeniýet merkezinde geçirilen baýramçylyk çäresinde ýerine ýetirilen edeb-sazly çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan tutumly işleriniň, güneşli Diýarymyzyň ösüş-özgertmeleriniň waspy belentden ýetirilip baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

Ýerine ýetirilen şowhunly hem-de joşgunly tanslarynda milli hem medeni gymmatlyklarymyz, taryhy üstünliklerimiz öz beýanyny tapmak bilen “Nowruz gelse äleme – reň kylar jahan peýda” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň toý ruhyny has-da joşdurdy.

Şatlyk-şowhuna, egsilmez ruhubelentlige beslenen baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzy sowulmaz ýaza ýetiren, bagtyýar durmuşda ýaşadan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.