Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, Sanly bilim konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak babatda döredilýän ajaýyp şertlerden netijeli peýdalanýan Türkmen oba hojalyk institutynyň bagtyýar talyp ýaşlary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, dünýä döwletleriniň abraýly bilim ojaklarynyň talyplarynyň arasynda geçirilýän dürli görnüşli halkara ders bäsleşiklerine, internet olimpiýadalaryna işjeň gatnaşyp üstünlik gazanýarlar.
Şu gün Türkmen oba hojalyk institutynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ajaýyp şertlerinden netijeli peýdalanyp bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän dünýäniň birnäçe döwletleriniň arasynda geçirilen halkara olimpiýadalaryna, internet bäsleşiklerine gatnaşyp üstünlik gazanan, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen internet we ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp ýeňiji bolan talyplara hem-de olary taýýarlan mugallymlara şeýle-de institutyň medeni köpçülik işlerine çärelerine işjeň gatnaşýan “Bagtyýarlyk joşguny” döredijilik toparynyň talyplaryny we ýokary okuw mekdebimiziň sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, institutda hereket edýän sanly bilim portalynyň üstüni ýetirmekde tutanýerli işleri alyp barýan talyplaryna hem-de Talyplar sport klubynyň ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp üstünlik gazanan talyplaryna degişli diplomlary, Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda institutyň talyplary halkara derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerinde 12 sany baýrakly orunlara, has takygy 1 sany kümüş medala, 1 sany bürünç medala, 3 sany I derejeli, 6 sany II derejeli we 1 sany III derejeli diplomlara mynasyp boldular. Institutyň talyplary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen ders bäsleşiklerinde 30 sany baýrakly orunlara, şol sanda 9 sany I derejeli, 11 sany II derejeli we 10 sany III derejeli diplomlara mynasyp boldular. Şeýle hem, institutyň guramagynda genetika we geodeziýa ýaly dersler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda internet ders bäsleşikleri geçirildi.
Talyplaryň bu bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelemekleri ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen badalga berlen ylym, bilim özgertmeleriniň ajaýyp miweleridir, ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlarynyň irginsiz, döwrebap çekýän zähmetleriniň netijeleridir.
Egsilmez ruhubelentlige beslenen baýramçylyk çäresinde institutyň “Bagtyýarlyk joşguny” döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzyň ösüş-özgertmeleriniň, güneşli Diýarymyzda Arkadagly Serdarymyzyň maksatnamalaýyn başlangyçlary esasynda amala aşyrylýan işlerini beýan edýän aýdymlar ýaňlandy. Bagtyýar talyp ýaşlar özleri üçin döredilip berilýän şeýle şertler üçin, eziz diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýarlar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.