Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda nobatdaky uçurymlaryny goýberdi

Türkmen oba hojalyk institutynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýokary hünär bilimini ele alýan ýaşlary ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda zähmet çekmeklige ugradylyş dabarasy geçirildi.

Onda ýaňlanan aýdymlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bu günki dünýä ýüzündäki abraýy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy mundan beýläkde ösdürmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýändigi Gahrymanlarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň eziz Türkmenistany gülledip ösdürmekde alyp barýan tutumly işleriniň giň gerimli beýany aýdyň şöhlelenip köňüllere nur bagyşlady.

Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk çäresinde nobatdaky uçurymlaryň ýerine ýetirilen edebi-sazly çykyşlary, okap beren goşgulary baýramçylyk ruhuny has hem arşa galdyryp, dabara gatnaşyjylaryň göwün guşlaryny ganatlandyrdy.

Ýokary okuw mekdebini nobatdaky uçurymlarynyň 20-si tapawutlanan diploma eýe bolandyklaryny hem-de 11 hünär boýunça 214 sany uçurymyň üstünlikli tamamlap, öz kärleri boýunça iş bilen doly üpjün edilendigini nygtamak has-da ýerlikli bolar.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Döwlet baýdagymyzyň saýasynda ylym-bilim ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Ýokary okuw mekdebiniň nobatdaky uçurymlaryna bolsa, ak ýol arzuw etdiler.