Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda güneşli Diýarymyzda dabaraly we giňden bellenilýän Bütin dünýä saglyk güni ýokary okuw mekdebiniň dabaralar meýdançasynda “Sagdynlyk we ruhubelentlik bagtyýarlyk binýadydyr” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Ol sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar bilen utgaşdy.
Bitarap ýurdumyzda sporty ösdürmäge, halkymyzyň saglygyny berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, raýatlarymyzyň ömrüni uzaltmaga gönükdirilen işleriň başynda durýan hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky her bir başlangyjy halkymyzyň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýar. Çünki ösüşleriň mizemez binýadyny sagdyn jemgyýet düzýär. Bagtyýarlyk sagdynlykdan gözbaş alýar. Ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň hem talyplarynyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin, sagdyn-durmuş ýörelgesine eýermekleri üçin giň mümkinçilik döredip berýän hormatly Prezidentimize bolan hoşallyk sözleri bolsa Bu günki günde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň dowamynda öz beýanyny tapdy.
Giň gerimde ýaýbaňlandyrylan sport bäsleşiklerinde görkezme çykyşlarynda sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek we wagyz etmek boýunça ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan üstünlikli işler öz aýdyň beýanyny tapdy. Uly ruhubelentlikde geçen baýramçylyk sport dabarasynda bagtyýar talyplaryň sportuň milli göreş, erkin göreş, tanap çekmek, stoluň üstünde oýnalýan tennis hem-de küşt, şaşka, düzzüm ýaly görnüşleri boýunça guran çykyşlary dabara gatnaşyjylara uly joşgun bagyşlady.
Bagtyýar talyplaryň ýerine ýetiren aýdymlarynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmek ugrundaky tagallalary joşguny bilen wasp edildi. Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşlar, buýsançly şygarlar belent ýaňlandy. Sport tanslarynda we görkezme çykyşlarynda ýurdumyzda gülläp ösýän sport görnüşleri, talyplaryň watansöýüjiligi, bagtyýarlygy we ýürek buýsanjy aýdyň şöhlelendi.
Umuman, Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda guralan dabara Bütindünýä saglyk gününiň ruhy joşgunynyň ähli ýüreklerde orun alandygynyň nyşany boldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.