NETIJELI YLMY-ÖNÜMÇILIK: BILIM BAGTYNYŇ BINÝADY

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili pudaga öwürmek ugrunda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz pudagyň dolandyryş- guramaçylyk wezipelerini kämilleşdirmek ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri oňyn netijelerini berýär. Hormatly Prezidentimiz dünýä belli kompaniýalar bilen şertnama baglaşyp şolaryň öndürýän tehnikalaryny Türkmenistan Döwletimize satyn alyp berýär. Oba hojalyk pudagyna omaşdyrmak bilen bir hatarda olary doly derejede öwrenip we olara erk edip şol öndürilýän önümiň ýokary derejede bolmagyna we öz wagtynda tamamlanmagyna hem-de hil taýdan ýokary derejede bolmagyna alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýaş, ökde hünärmenleri taýýarlamakda birnäçe ýokary okuw mekdepleri açyp berdi. Edil şonuň bilen bir hatarda biziň Daşoguz welaýatymyzda ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miweleriniň biridir. Biziň ýokary okuw mekdebimizde Arkadag Prezidentimiziň oba ilaty üçin döredip berýän şeýle giň mümkinçiliklerde zähmet çekjek hünärmenler taýýarlanylýar.

Ýokary okuw mekdebimizde okamagyň ösen ylmy-innowasiýon tehnologiýalary, interaktiw multimediýa enjamlary, kompýuter we internet ulgamy bilen doly üpjün edilendir.

lnstitutymyzyň ýöriteleşdirilen otaglarynda talyp ýaşlara berilýän bilimi nazaryýetde alan bilimini önümçilik bilen baglanyşdyryp öwrener ýaly enjamlardyr, dolandyryş ulgamlary şeýlede birnäçe maketler bilen üpjün edilendir. Bu ýöriteleşdirilen otaglarda okuwlaryň ýokary derejede gumalmagy talyp ýaşlaryň öz ele alan hünärine höwesini has-da artdyryp ylym dünýäsine alyp gidýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sanly bilim ulgama geçilmegi hakyndaky karary kabul etmegi bu bolsa talyp ýaşlaryň hünär derejesini hasda artdyrmak maksady bilen ýörite daşary ýurtlara iş saparlaryny, önümçilik tejribeliklerini geçmekde şeýle-de esasy bellemeli zatlarymyzyň biride sanly bilim ulgam boýunça dürli ugurlardan sapaklary gumamaklyga giň mümkinçilikleri döredip berdi. Bu bolsa talyp ýaşlaryň öz hünärine höwesini artdyryp täze ýokary öndürjilikli tehnikalary dolandyryp we olara erk etmek mümkinçiliklerine eýe bolmagyna uly ýardam berýär.

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren ýokary öndürjilikli tehnikalarynyň doly derejede gatnaşmagynda alynyp barylýan ekiş möwsümi hem-de ekinlere ideg işleri gyzgalaňly alynyp barylýar. Şeýlede talyp ýaşlarmyzyň önümçilik tejribelikleri döwründe ýokary öndürjilikli tehnikalary bilen doly tanyş bolup, önümçilik ýerlerine baryp traktorlara erk etmek arkaly oba hojalygynda alynyp barylýan işlerde öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Pursatdan peýdalanyp ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny, oba hojalyk pudagyny uly ösüşlerdir özgertmeler bilen belent sepgitlere ýetirmekde ýadawsyz tagalla edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.