ÖŇE, ÖŇE, DIŇE ÖŇE, JAN WATANYM TÜRKMENISTAN

Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Ýokary okuw mekdebiniň Medeniýet merkezinde geçirilen bu aýdym-sazly dabaraly baýramçylyk çäresinde ýokary okuw mekdebiniň talyplaryndan düzülen “Bagtyýarlyk joşguny” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren şirin mukamlarynda eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary, belentden ýaňlanyp sazlaşykly sepleşip gitdi.

Bu gün merdana türkmen halkynyň belent ykbaly, beýik ösüşlere ak ýol gülleýär. Bu gün halkymyzyň erkanalyk, Garaşsyzlyk duýgulary watan ykbaly bilen sazlaşyp, bagtyýar geljege röwşen nuruny saçýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmeniň belent ykbally geljegi bolup, ýaşaýyş mukamynyň şirin owazyna öwrülip, jümle-jahana ýaň salýar.

Şatlyk-şowhun astynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu baýramçylyk dabarasynda ýerine ýetirilen görkezme çykyşlary we ajaýyp tanslar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň mynasyp waspçysy bolup köňüllere nur çaýdy.

Baýramçylyk çäresini ýokary okuw mekdebiniň “Bagtyýarlyk joşguny” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren “Arkadag” aýdymy jemledi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Guramaçylyk topary