YLMA HÖWESLI ÝAŞLARYŇ ŞOWLY GADAMLARY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmy-bilimi ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ylmy esasda alnyp barylmagyna uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, ata Watanymyza, Hormatly Prezidentimize, halkymyza wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirt ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen ýurdumyzda her ýyly Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigi geçirilýär.

Bu bäsleşige 2023-nji ýylda biziň Türkmen oba hojalyk institutymyzdan ylma höwesli, zehinli ýaş alymlaryň birnäçesi öz alyp barýan ylmy-barlaglarynyň temalary boýunça gatnaşdylar. Bäsleşikde Türkmen oba hojalyk institutyndan Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby Amanowa Mährijemal, Oba hojalygynyň ykdysadyýeti hünäriniň 3-nji ýyl talyby Baýlyýew Baýly, şeýle-de mugallymlardan Ösümlikçilik kafedrasynyň mugallymy Geldiýew Döwletmyrat baýrakly orunlara we Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolup, institutymyzyň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň başyny göge ýetiridler, guwanjymyzy, buýsanjymyzy goşalandyrdylar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän ýaşlaryň arasyndaky ylmy işler boýunça bäsleşigi watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly, bilimli, maksada okgunly, zähmetsöýer bolup ýetişmeklerine, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleriň gazanylmagyna getirýär.

Türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim ulgamynda ýurt we halkara derejesinde şeýle uly üstünlikleri yzygiderli gazanyp durmagy eziz watanymyzyň ylym-bilim ulgamynyň dünýä ülňülerini nazarlaýan ösüşlerini ýene bir gezek äşgär edýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim bilen meşgullanmaklary, döwrebap bilimlerden habarly bolmaklary ugrunda edýän aladalary üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz sagbolsunymyzy aýdýarys.

Mährijemal Allamuradowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy