Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen oba hojalyk pudagyny ösdürmekde döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen oba hojalygyny ösdürmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri oňyn netijelerini berýär.

Mälim bolşy ýaly, şu günler dünýä döwletleriniň birnäçe abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk giňden ýola goýlup, üstünlikli alnyp barylýar.

Türkmen oba hojalyk institutynda hereket edýän dünýä döwletleriniň ýokary öndürijilikli tehnikalaryna ýöriteleşdirilen okuw otaglarynda degişli kompaniýanyň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly onlaýn okuw maslahatlary, okuw sapaklary yzygiderli geçirilýär. Şeýle-de iýun aýynda geçirilen “Komatsu GDA”-nyň Okuw bölüminiň tehniki tälimçisi Artýom Petrowiç Zapewalowyň gatnaşmagynda “Orta derejeli Komatsu ekskawatorlarynyň işleýşi we tehniki hyzmaty” atly tema boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapagy guramaçylykly geçirildi. Bu bolsa talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretmek bilen Komatsu ekskawatorlaryň gurluşy, işleýşi, gidrawliki ulgamlary we tehniki hyzmaty hakynda dürli ugurlardan sorag-jogaplar alyşyldy. Bu bolsa talyp ýaşlaryň oz hünärine bolan höwesini artdyrmak bilen bir hatarda tehnikalary içgin gyzyklanma bilen öwrenmeklerine mümkinçilik döredýär.

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde, sanly ulgamy ornaşdyrmakda, talyp ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza minnetdarlyklaryny beýan edýärler.

Kuwwat DEDEBAÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy