INTERNET OLIMPIADASY GEÇIRILDI

Hormatly Prezidentimiziň badalga beren özgertmeleri bilim, ylym ulgamyny halkara ülňülerine laýyk getirip, dünýä derejesine çykarmagy wezipe edip goýýar. Bu belent wezipä amal etmegiň barşynda ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, ösdürmäge, berkitmäge uly ähmiýet berilýär. Bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň çäkleri barha giňelýär. Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary hormatly Prezidentimiziň özleri üçin döredýän mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeläp gelýärler. Talyp ýaşlaryň ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda gazanýan üstünlikleri döwletimizde ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň dünýä ülňülerine laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň mübärek gadamynyň düşmegi bilen açylyp ulanylmaga berlen, häzirki zaman tehnologiýalary bilen doly enjamlaşdyrylan Türkmen oba hojalyk institutynda internet tory arkaly on-line olimpiadalaryna gatnaşmak, öz deň-duşlary bilen bäsleşmek üçin ähli zerur şertler döredilendir.

Golaýda şeýle on-line görnüşindäki olimpiada Nazary mehanika dersinden ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi. Bu olimpiada ýurdumyzyň 9 sany ýokary okuw mekdebinden, jemi 41 talyp gatnaşdy. Bäsleşik diýseň çekeleşikli we gyzgalaňly ýagdaýda geçip, onda talyp ýaşlaryň iň ezberleri, zehinlileri bilimiň we ylymyň dürli ugurlarynda öz başarnyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik aldylar.

Ýeri gelende, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna zerur bolan ýokary bilimli oba hojalykçy hünärmenleri taýýarlaýan Türkmen oba hojalyk institutynda häzirki zaman tehnologiýalardyr enjamlary bilen doly abzallaşdyrylan we okuw otaglarynyň dersleriň aýratynlyklaryna görä, umumy we tejribe sapaklaryny ýokary derejede geçmek üçin zerur bolan serişdeler, multimediýa okuw tagtalary bilen enjamlaşdyrylandygyny bellemelidiris. Institutymyzda ylym-bilim alyp, hünär öwrenýän ýaşlaryň bilesigelijiligi, ylmy bilimlere höwesliligi guwandyryjydyr. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän şertlerinden we mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan talyplarymyzyň geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryna itergi berýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmegi hormatly Prezidentimiz tarapyndan bilim ulgamynyň üns-alada bilen gurşalyp alynýandygynyň we bu ugurda durmuşa geçirilýän tutumly özgertmeleriň gyşarnyksyz amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr. Her bir türkmenistanlynyň erkana ýaşamagy, okamagy, döretmegi, işlemegi üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Myrat GARÝAGDYÝEW,
Ýusupbaý ERMETOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary.