Mälim bolşy ýaly, şu günler dünýä döwletleriniň birnäçe abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk giňden ýola goýlup, üstünlikli alnyp barylýar. Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezi bilen Russiýa Federasiýasynyň “Şalyçylyk Federal ylmy merkezi” Federal döwlet býujet ylmy edarasynyň arasynda ozal baglaşylan ähtnama laýyklykda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu gün Russiýa Federasiýasynyň “Şalyçylyk Federal ylmy merkezi” Federal döwlet býujet ylmy edarasynyň şalyçylyk merkeziniň wezipesini direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji S.Garkuşanyň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň Türkmen oba hojalyk institutynda bolup talyplar bilen duşuşmagy aýratyn ähmiýetli boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ylmy esasda güýçli depginler bilen ösdürilýär. Pudaga ylmyň we tehnikanyň gazananlary, täze tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Oba hojalyk önümçiliginiň möhüm ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygy giň gerim bilen ösdürilýär.
Şu gün şalyçylyk merkeziniň wezipesini direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji S.Garkuşanyň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň Türkmen oba hojalyk institutyna gelmegi we olaryň ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary, mugallymlary bilen duşuşmagynyň, şalyçylyk pudagyny ylmy esasda ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça Daşoguz welaýatynyň şalyçy hünärmenleri we institutyň talyplary bilen umumy okuw geçirmegi ýatda galyjy täsirli wakalara beslendi.
Giň many-mazmuna eýe bolan duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.