ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIKLERINI GEÇÝÄRLER

Mälim bolşy ýaly, şu günler Bitarap Watanymyzyň ähli künjeklerinde edermen babadaýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen bol pagta hasylyny ýygnamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işlere Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary hem-de talyplary işjeň gatnaşýarlar. Ýokary okuw mekdebiniň Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek we Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünärleriniň talyplary tehniki sanly telematik ulgamlar bilen doly üpjün edilen Gahryman Arkadagymyzyň täze satyn alyp beren döwrebap pagta ýygyjy “JOHN DEERE” kysymly kombaýynlaryna erk edip pagta ýygymyna gatnaşyp nazary alan bilimlerini önümçilikde kämilleşdirýärler.

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlary özleriniň nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikler arkaly çuňlaşdyrýarlar. Institutyň Okuw-tejribe hojalygynda ylmy esasda ösdürilip ýetişdirilen gowaçaly meýdanlarda tutanýerli işler alyp barýarlar. Institutyň Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýa hünäriniň talyplary Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýetişdiren gowaçaly pellerde bolmaklary aýratyn täsirlere beslendi. Talyp ýaşlar Okuw-tejribe hojalygynyň gowaçaly meýdanlarynda bolup, Türkmen oba hojalyk institutyna hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan sowgat beren “JOHN DEERE” kysymly kombaýynlaryna erk edip pagta ýygymyna işjeň gatnaşýarlar.

Bu ýerde halypa mugallymlar hem-de tejribeli mehanizatorlar bol hasyly isripsiz ýygnamakda mehanizatorlara möhüm ugruň degişlidigi, şonuň üçin bu hünäri ele almagyň inçe tilsimleri barada özleriniň degerli maslahatlaryny berdiler.

Şu babatda geljekki oba hojalyk hünärmenlerine halypa mehanizatorlar, tejribeli hünärmenler, ýokary okuw mekdebiniň halypa mugallymlary özleriniň ýakyndan kömeklerini berýärler, iş usullaryny ele almaklyk üçin şert döredýärler.

Şeýle bagtdan paýly bagtyýar talyp ýaşlar özleri barada edýän atalyk aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtýarlar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.