Özbegistan Respublikasynyň Samarkant weterinar lukmançylygy institutynyň professory Kurbon Norbaýewiň gatnaşmagynda “Oba hojalyk mallarynyň dem alyş ýollarynyň keselleri” atly tema boýunça uzak aralykdan umumy okuw sapagy geçirildi

Mälim bolşy ýaly, şu günler dünýä döwletleriniň birnäçe abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk giňden ýola goýlup, üstünlikli alnyp barylýar. Türkmen oba hojalyk instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Samarkant weterinar lukmançylygy institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ozal baglaşylan Ähtnama laýyklykda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu gün Türkmen oba hojalyk institutynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant weterinar lukmançylygy institutynyň professory Kurbon Norbaýewiň gatnaşmagynda “Oba hojalyk mallarynyň dem alyş ýollarynyň keselleri” atly tema boýunça uzak aralykdan umumy okuw sapagy geçirildi.

Uzak aralykdan distansion arkaly geçirilen okuw sapaklary Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, Sanly bilim konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak döwlet syýasatyndan ugur alnyp geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we özara hormatlamak syýasaty netijesinde Özbegistan bilen dostluk, hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň has-da ösdürilýändigine doly şaýatlyk edýär.

Ýeri gelende Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran resmi iş saparynyň barşynda Türkmen oba hojalyk instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Samarkant weterinar lukmançylygy institutynyň arasynda gatnaşyk etmek üçin ähtnama gol çekilendigini ýatlamak ýerlikli bolar. Bu iki sany baýry ýokary okuw mekdebiniň arasynda ylym-bilim, okgunly ösýän oba hojalyk ulgamlarynda giň gerimli hyzmatdaşlyk etmek boýunça başy başlanan bu ähtnama şanly wakadyr. Häzirki wagtda iki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda iki dostlukly ýurduň ençeme ýyllaryň dowamynda işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýän ugurlarynyň biri bolan obasenagat ulgamyny toplumlaýyn özgertmek şeýle-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň, hususan-da, zerurlyk çekýän üçünji bir ýurtlara eksport etmäge niýetlenen gök-bakja önümlerini gaýtadan işlemek boýunça dürli usullary döretmek boýunça giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Şulardan ugur alnyp bu günki geçirilen uzak aralykdan distansion arkaly okuw sapaklaryna iki ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr we talyplary has işjeň gatnaşdylar. Olar iki dostlukly ýurduň döwlet baştutanlarynyň ýurtlarymyz durmuş-ykdysady tarapdan özgertmek hem-de ösdürmek, barasynda durmuşa geçirilýän beýik işler barada özara pikir alyşýarlar.

Giň many-mazmuna eýe bolan sapagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.