Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz şöhratly geçmişimizi döwrebap dowam etdirip, şanly ertelerimiziň eýeleri boljak ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, päk ahlakly, gollary hünärli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýär. Türkmen ýaşlary bu gün Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalaryň gözli şaýady bolmak, olara işjeň gatnaşmak, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak bagtyna eýe. Ýeri gelende, ata Watanymyzda ýaşlaryň zehinleri, başarnyklary, hünärleri we başlangyçlary, işjeňligi, jemgyýete zerur bolan hünärleri ele almaga bolan ruhy we maddy islegleriniň döwletimiz tarapyndan mynasyp höweslendirilýändigini aýratyn bellemelidiris.
Obasenagat toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolup, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, halkymyzyň bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy bu pudagyň netijeli ösdürilmegine köp derejede baglydyr. Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda oba hojalyk pudagyny, agrosenagat toplumyny sanlylaşdyrmaga badalga berildi. Bu ugurda ýörite ugurly, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen Türkmen oba hojalyk institutynda şu okuw ýylynda Oba hojalyk ekinlerini gaýtadan işlemek täze hünär açyldy. Ata Watanymyz Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli, päk ahlakly adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän ähli amatlyklardan, möhüm şertlerden peýdalanyp, men “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda täze hünäre kabul edilen ilkinji talyplaryň biri boldum. Bu bagt meniň ýüregimdäki Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize ata Watanymyza, eziz halkymyza bolan egsilmez söýgini goşalandyrdy hem-de pugtalandyrdy. Talyplyk döwrümde men institutda geçirilýän syýasy-jemgyýetçilik, medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşaryn. Arkadagly Serdarymyzyň özümize bildirýän ynamyny ödäp, ýokary bilimli, ilimize, günümize gerekli hünärmen bolup ýetişerin. Hormatly Prezidentimize çagalyk arzuwlarymyň hasyl bolmagy, maksadymyň myrat tapmagy üçin döredýän ägirt uly mümkinçiliklerine çäksiz sagbolsunlarymy aýdýaryn. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýärin!
Ýakup ŞAMYRADOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ekinlerini gaýtadan işlemek hünäriniň 1-nji ýyl talyby.