“Daşoguz welaýatynyň Aralýaka zolagynyň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmagyň esasy ugurlary” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde çykyş edenler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekologiýa derejesini pugtalandyrmak, tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça işler öz wagtynda hem-de talabalaýyk geçirilmegine barada özleriniň degerli maslahatlaryny berdiler.

Şeýle-de işjeň ýagdaýda geçen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikdäki çykyşlarda Aral meselelerini çözmek babatda çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleriň uly ähmiýete eýedigini söhbetler oňa gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Ýeri gelen-de institutda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň şor akaba suwlaryny ulanyp duza durnukly ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek”, “Duza çydamly ösümlikleri (galofitleri) we süýji buýany ösdürip ýetişdirmek arkaly şorlaşan ýerleri özleşdirmek” hem-de “Zeýkeş suwlaryny ulanmak arkaly şorlaşan ýerlerde şalyny ösdürip ýetişdirmek” ýaly ylmy-barlag işleriniň alnyp barylýandygyny nygtamak gerek.

Işjeň ýagdaýda geçen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylar dabaranyň ahyrynda okgunly ösýän oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirýän özgertmeleri üçin Milli Liderimize alkyşlaryny beýan etdiler. Hormatly Arkadagymyzyň başynyň dik, janynyň sag, il-ýurt bähbitli beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.