Türkmen oba hojalyk institutynda Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýol gözegçiligi bölüminiň, welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara edýän sargytlaryndan ugur alnyp, ýokary okuw mekdebimizde okaýan talyplaryň arasynda bilim-terbiýe, edep-ekram, päk ahlaklylyk bilen bagly meseleler barada hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy atly biraýlyk mynasybetli terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler mugallymlara we talyplara köçe-ýol hereketiniň düzgünleri, olary berjaý etmegiň wajyplygy barasynda giňişleýin gürrüň etdiler. Arkadagly Serdarymyzyň döwrebap tabşyryklaryna laýyklykda bütin ýurdumyzda giň gerim bilen geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat we düşündiriş işleriniň ilatyň saglygyny goramakda, ýol hadysalarynyň öňüni almakda, umuman, ýurdumyzda asudalygy saklamakda örän uly ähmiýetiniň bardygyny biragyzdan nygtadylar.
Şeýle-de wagyz-nesihat çäresinde Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik bölüminiň işgärleriniň ýollarda sazlaşykly hereketi guramak, ýol ulag hadysalarynyň öňüni almagyň möhüm çäreleri, ýolda sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň ýerine ýetirmeli borçlary barada eden gürrüňleri has hem täsirli boldy.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän aladalary edýän Arkadagly Serdarymyza türkmen halkynyň agzybir, bolelin asuda durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan işleri bilen bir hatarda çuňňur zehininiň astynda kemala gelýän kuwwatly Watanymyzyň geljekki eýeleri, talyp ýaşlar hakynda birnäçe mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, Hormatly Prezidentimiziň başynyň dik, janynyň sag, il ýurt bähbitli beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.