2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelik-de “Köp sanly bähbitler üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we aýratyn ähmiýetli ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” ýerine ýetirýän taslamasynyň ilkinji tanyşdyryş maslahaty geçirildi.
Maslahata BMGÖM-iň Türkmenistandaky Maksatnama bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygy we taslamalary utgaşdyrmak bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň welaýatlardaky hünärmenleri, bilermen-ekologlar gatnaşdylar. Maslahata wideoşekilli BMGÖM-iň Stambul sebit merkeziniň Biodürlüligi we ekoulgamlary boýunça sebitleýin tehniki işgäri hanym Monika Moldowan, Türkmen oba hojalyk institutynyň Önümçilik tejribelikleriniň ýolbaşçysy Babageldi Kurbanow we institutymyzyň Oba hojalygynyň meliorasiýa kafedrasynyň mugallymlary gatnaşdylar.
Tanyşdyryş maslahatynda taslamanyň başlandygyny resmi taýdan yglan etmek, şeýle hem maksatlaryny we wezipelerini hem-de gutarnykly netijelerini aýtdylar.
Olar: • biodürlüligiň esasy ýaşaýyş ýerlerini gorap saklamagy göz öňünde tutup, önümçilik landşafty, ýer ulanylyşynyň toplumlaýyn meýilnamasy, şeýlelik bilen Daşoguz we Lebap sebitlerinde taslamanyň geografiki çäginde möhüm ekoulgamynyň goralmagyny üpjün etmek;
• ýerden ulanyjylaryň köpelmegi we biodürlüligiň, ýaşaýyş ýerleriniň we dünýä ähmiýetiniň azalmagyna täsir edýän faktorlary ýok etmek we taslama sebitlerinde «Gaplaňgyr» we «Amyderýa» döwlet goraghanalaryny gowulandyrmak üçin maksatlaýyn goldaw bermek;
• Milli mümkinçilikleri güýçlendirmek we Aral deňziniň basseýninde ýer we suw baýlyklaryny dolandyrmagy we dikeltmegi gowulandyrmak üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek;
• taslamanyň netijelerine baha bermek we dogry gözegçilik.
Mundan başga-da, gatnaşyjylara Dolandyryş Geňeşini döretmegi we onuň wezipelerini ara alyp maslahatlaşyldy. Aral deňziniň basseýniniň ekologiki, suw hojalyk we sosial-ykdysady ýagdaýyny gowlandyrmaklyga gönükdirilen zerur meseleleriň hataryna seredip geçdiler.
Taslamanyň dolandyryjysy Gözel Atamuradowa meýilnama laýyklykda “Aral deňziniň basseýninde ýer baýlyklaryny we ýokary tebigy gymmatlyk ekoulgamlaryny gorap saklamak we yzygiderli dolandyrmak” temasynda Aral deňiz krizisiniň taryhy, taslamanyň gysgaça beýany, milli maksatnamalary we strategiýalary barada öziniň çykyşynda aýtdy. Soňra hanym Monika Moldowan taslamany durmuşa geçirmek işleriniň nähili ýerine ýetirmekligini maslahat berdi.
Taslamanyň suw analitigi Gurbanmyrat Öwezmyradow hyzmatdaşlar bilen taslamanyň çäginde çäreleri şol sanda sebit taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirmekligiň ýoly hökmünde garaýandyklary we geljekde bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmeklige taýýardyklaryny bellediler.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda taslamanyň 2026-njy ýyla çenli ediljek işleriniň maksatnamasy we meýilnamasy ara alyp maslahatlaşyldy. “Köp sanly bähbitler üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we aýratyn ähmiýetli ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” ýerine ýetirýän taslama boýunça maslahatda taslamanyň çözgüdine seredildi we tassyklanyldy.
Saparmyrat BABAJANOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýa kafedrasynyň müdiri