Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli mirasymyzy öwrenmekde, ony täze öwüşgin bilen dünýä tanatmakda uly ösüşler, buýsandyryjy netijeler gazanylýar.
Türkmen oba hojalyk institutynda geçirilen aýdym-sazly çäresine Daşoguz welaýatynyň halypa we ýaş senetkärleri hem-de institutyň dutarçylar topary şägirtlige ýetişen ýaş dessançy bagşylar gatnaşdylar. Olaryň ýerine ýetiren türkmeniň şadessanyndan parçalar we aýdym sazlar talyp ýaşlara ruhy lezzet paýlady. Şeýle-de dabara sungat ugrundan bilim berýän halypa mugallymlar dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň giňden öwrenilmegi ýaşlarymyzyň watançylyk, gahrymançylyk häsiýetli, arassa ahlakly, tutanýerli, mert, wadasyna wepaly, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýetiniň bardygy dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.
Halk döredijiligini öwrenmek bilen biz birnäçe ýyl mundan ozal adamlaryň nähili ýaşandyklaryny, olaryň ykdysady-syýasy durmuşlaryny öwrenýäris. Halk döredijiligi edebiýatyň we sungatyň hemişe tükeniksiz çeşmesi bolup hyzmat edip gelýär. Şol sebäpden ony hemmetaraplaýyn öwrenmegiň, ondan peýdalanmagyň, oňa ýüz tutmagyň ähmiýeti hiç wagt ýitmeýär.
Aýdym-sazly baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.