ZEHIN – ZEHINDEN ZYÝADA

Mälim bolşy ýaly, şu günler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň” bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen “Akyl giňişligi” telebäsleşiginiň saýlama tapgyrlary örän ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Zehin bäsleşiginiň saýlama tapgyrynda Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplar topary Türkmen Döwlet energetika institutynyň talyplar topary bilen şeýle-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplar topary bilen bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmen oba hojalyk institutynyň zehinli talyp ýaşlaryndan düzülen talyplar topary ýeňiji bolmagy başardy.

Akyl giňişligi ady bilen geçirilen bu zehin bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip ýeňiji bolan zehinli talyplar Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek bäsleşiginiň döwlet bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar.Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Murad NIÝAZMETOW

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.