Türkmen oba hojalyk institutynda hereket edýän “Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO Klubynyň guramagynda 17-nji iýun - Çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmegiň Bütindünýä güni mynasybetli “Durnukly ösüş maksatlary we ählumumy gurakçylyga garşy hem-de şorlaşan oba hojalyk önümçilik landşaftlarynda tebigy serişdeleri ulanmagyň ylmy esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Oňa Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary bilen birlikde uzak aralykdan sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy-barlag institutlaryndan birnäçe professor-mugallymlar, köpsanly ylmy işgärler, aspirantlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan paýhasly dowam etdirilýän ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynyň we häzirki hem geljekki nesilleriň bähbidini nazarlaýan ekologiýa howpsuzlygynyň, Çölleşmäge garşy göreş hereketleriniň milli maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilişi, onuň çäklerinde öri meýdanlarynyň oýlanyşykly ulanylmagynyň esasy ugurlary, tokaý hojalygynyň ösdürilmegi, ürgün çägäniň berkidilmegi we tokaýlaşdyrylmagy, suwarymly ýerleriň ýagdaýynyň gowulaşdyrylmagy hem-de ýerlerde amaly ekologik derňewleriň yzygiderli geçirilmegi hem-de bu ugurda hereket edýän milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi baradaky çykyşlar diňlenilip, Çölleşmäge garşy çärelerini amala aşyrmakda ata Watanymyz Türkmenistanyň sebit birleşmeleridir halkara guramalarynyň birnäçesi bilen işjeň halkara hyzmatdaşlygyny saklaýandygy, aýratyn-da BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş Konwensiýanyň Müdiriýeti we BMG-niň Ösüş we Daşky gurşaw maksatnamalary, Germaniýanyň Tehniki hyzmatdaşlyk jemgyýeti, Aziýa ösüş banky we beýleki halkara guramalary bilen işjeň halkara hyzmatdaşlygy barada aýratyn durlup geçildi.
Maslahatyň ahyrynda bu ugurda zerur tagallalary döredýän we döwletimiziň hem-de umumadamzadyň bähbitlerini nazarlaýan ekologiýa diplomatiýasyny günsaýyn ösdürýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagy, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tutumlarynyň rowana ýollarda hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.