Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Orta derejeli KOMATSU ekskawatorlarynyň işleýşi we tehniki hyzmaty” ady bilen geçirilen okuw maslahatyna işjeň mahsus eýe bolmak bilen, onuň dowamynda kompaniýanyň öndürýän tehnikalarynyň işleýiş aýratynlyklary barada giňişleýin düşünje berildi.
Işjeň ýagdaýda geçen okuw maslahatynyň ýokary okuw mekdebinde hereket edýän “KOMATSU” kompaniýasynyň döwrebap tehnikalaryna ýöriteleşdirilen okuw otagynda geçirilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Ýokary derejeli hünärmenleriň gatnaşmagyndaky guralan okuw maslahaty mugallymlaryň ylmy-usuly işlerine oňyn täsirini ýetirmek bilen talyplaryň oba hojalyk tehnikalarynyň işleýiş şertlerini öwrenmekde we geljekde ulanyş şertlerini, tehnikanyň iş öndürijiligini, abatlaýyş işlerini doly ele almagyna uly täsirini ýetirdi.
Bu bolsa Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we özara hormatlamak syýasaty netijesinde dünýä döwletleri bilen dostluk, hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň has-da ösdürilýändigine doly şaýatlyk edýär.
Okuw maslahatynyň dowamynda kompaniýa degişli tehnikalar bolan pressleriň, lazer tekizleýjileriň we termo elektrik generatorlaryň iş aýratynlyklary barada talyplara düşünje berildi.
Giň many-mazmuna eýe bolan okuw maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza şeýle-de Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.