Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen dünýäniň abraýly halkara guramalary hyzmatdaşlyk yzygiderli alnyp barylýar. Ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän halkara guramalarynyň wekilleriniň ýokary okuw mekdeplerinde bolmaklary aýratyn ähmiýetlidir. Türkmen oba hojalyk institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Gaýane Israelýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Narine Awakowanyň şeýle-de beýleki birnäçe guramalaryň we taslamalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Howanyň üýtgemegi boýunça geçiriljek Halkara ýaşlar forumynyň LCOV-2023 işlerine gatnaşmak üçin ýaşlaryň tekliplerini öwrenmek we taýýarlamak maksady bilen dabaraly duşuşyk geçirildi.
Dabaraly duşuşyga gatnaşyjylar ilki bilen Türkmen oba hojalyk institutynyň giň eýwanynda guralan köpöwüşginli sergi bilen tanyş boldular. Bu sergide institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda alnyp barylýan ylmy işleriň taslamalary, oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri, howanyň üýtgemegi bilen bagly institutda alnyp barylýan ylmy işleriň taslamalary bilen tanyş boldular. Soňra Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmen oba hojalyk institutynyň binýadynda döredilen “Daşky gurşawy goramak - durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO Klubynda myhmanlar klubyň agzalary bilen söhbetdeş bolmaklary örän täsirli boldy.
Howanyň üýtgemegi boýunça geçiriljek Halkara ýaşlar forumynyň LCOV-2023 işlerine gatnaşmak üçin ýaşlaryň tekliplerini öwrenmek we taýýarlamak maksady bilen geçirilen dabaraly duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň şeýle-de beýleki duşuşyga gatnaşyjy wekilleriň çykyşlary diňlenildi.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyny ýaşlaryň aňyna ýetirmekde, bu ugurda alnyp barylýan işleri wagyz-nesihat etmekde we ýaýbaňlandyrmakda hem-de olary doly derejede durmuşa geçirmekde döwletimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz - Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutuş ynsanyýetiň bähbitlerini nazarlaýan halkara başlangyçlary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünlikleri beslenýär.
Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyga ahyrynda oňa gatnaşyjylar ata-baba dowam edip gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanýan Watany hökmünde dünýä tanadan, ähli yhlasyny we gujur-gaýratyny halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha we barha ýokarlandyrylmagyna gönükdirýän, goňşy we dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna gönükdirilen belent maksatlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.