Türkmen oba hojalyk institutynda 2023-nji ýylyň 13-15-nji noýabr aralygynda “Şäher we oba hojalyk suw üpjünçiliginde klimatyň üýtgemesine uýgunlaşma” atly üç günlük okuw seminary geçirildi. Bu seminar Ýaşyl Howa Gaznasy (GCP – Green Climate Fund) tarapyndan goldanylýan “Türkmenistanda uýgunlaşmagyň meýilnamalaşdyrylyşyň milli prosesiniň ösüşi” we “Aral deňiz basseýninde ýer baýlyklaryny we tebigy gymmatly ekosistemany gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” taslamalary, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde gurnaldy.
Bu okuw seminarynda esasan şäher we oba hojalyk suw üpjünçiligini gorap saklamak we olary tygşytly peýdalanmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Seminara Özbegistan respublikasynyň Merkezi Aziýanyň döwletara suw hojalyk utgaşdyryş komissiýasynyň ylmy maglumat merkeziniň, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Daşoguz şäher häkimliginiň, Lebap welaýatynyň Darganata etrap häkimliginiň, “Daşoguzagyzsuw”, “Ruhubelentsuwhojalyk”, “Türkmenbaşysuwhojalyk”, “Daşoguzsuwhojalyk”, “Hanýapsuwhojalyk”, “Boldumsazsuwhojalyk”, “Akdepesuwhojalyk”, “Lebapsuwhojalyk”, “Berzeňsuwaryşulgamy” döwlet edaralarynyň, “Türkmensuwylymtaslama” Türkmen döwlet suw hojalyk ylmy-önümçilik we taslama institutynyň, Aral deňzini goramak boýunça halkara gaznasynyň Daşoguz şahamçasynyň, Amyderýa suw basseýni guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Okuw seminarynyň dowamynda howanyň üýtgemeginiň suw baýlyklaryna ýetirýän milli we global täsirleri meselelerine aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky “Berzeň” suwaryş ulgamynyň mysalynda, oba hojalyk pudagynda suwdan peýdalanmagy maliýeleşdirmek, suwy tygşytlamak ýaly meseleleri özara maslahatlaşdylar. Esasan hem, Daşoguz welaýatynyň we Lebap welaýatynyň demirgazyk etraplarynyň gowşak geografik ýerleşişleri göz öňünde tutulyp, suw hojalygynda suwy ýitgisiz hem-de tygşytly ulanmak ýaly gozgalan temalar has täsirli beýan edildi.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar institutymyzda talyp ýaşlar üçin döredilen şertler bilen tanyş boldular. Olar ýokary okuw mekdebimiziň “NICOPA” taslamasynyň wirtual okuw otagyna, “CLAAS” kompaniýasynyň okuw otagyna, awtomatika wirtual tejribe otagyna hem-de synag meýdançalaryna baryp gördüler. Gatnaşyjylar institutymyzda talyplara berilýän ýokary hilli bilimi, oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak üçin öňdebaryjy çözgütleri we geomaglumatlar tehnologiýalarynyň ulanyşy bilen tanyşmaga mümkinçlik aldylar.
Ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.
Ikram Öwliýakulyýew.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary
(oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň
3-nji ýyl talyby