Zeminiň görki siz mährem zenanlar

Türkmen oba hojalyk institutynda bagtyýar ülkämize Bahar paslynyň gelmegi bilen şu günlerde ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zeminiň görki siz mährem zenanlar” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk çäresinde bu ýokary okuw mekdebiniň “Bagtyýarlyk joşguny” döredijilik toparynyň aýdymçylary çykyş edip, özleriniň hoş owazlary bilen dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary bilen eşretli zamanada, baky bagtyň gujagynda ýaşaýan zenanlarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüş-özgerişlerinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan belent sepgitlerde mynasyp paýynyň bardygy giňişleýin beýan edildi.

Şeýle-de baýramçylyk çäresinde bagtyýar döwrümiziň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan tutumly işleriniň zenanlarymyzyň waspyny belentden ýetirýän çykyşlar diňlenilip, olar baýramçylyk ruhuny has hem arşa galdyrdy. Ýerine ýetiren tanslar baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan zenanlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.