“Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýylymyzda dabaraly bellenilýän 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli zenan mugallymlara, talyp gyzlara Hormatly Prerzidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde zenanlaryň ornuny, olaryň halkymyzyň ruhy-medeni, durmuş-ykdysady ösüşlerine goşýan saldamly goşandyny öz hakyky manysynda açyp görkezmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Muňa ata Watanymyza Bahar paslynyň gelmegi eziz ülkämizde bellenip geçilýän “Halkara zenanlar güni” hem doly şaýatlyk edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň belent başlangyçlary bilen badalga berlen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylan täze eýýamyna gadam goýlan şeýle-de Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýylarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň badalga alan «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylynda bolsa bu baýramçylygyň öwüşgini, ruhy joşguny has-da başgaça. Çünki Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli zenanlaryna 60 manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak baradaky Buýruga gol çekmegi eziz Diýarymyzyň owadan baharlarynyň başy ýene-de gözel tebigatymyzyň ajaýyplygy bilen bäs edýän gül ýüzli zenanlarymyzyň baýramy bilen başlanýandygyna şaýatlyk edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy resminamasyna laýyklykda ýokar okuw mekdebinde zenanlara pul sowgatlarynyň gowşurylmagy mynasybetli gurnalan çäre egsilmez ruhubelentlige beslendi.

Bu baýramçylyk çäresiniň dowamynda zenanlarymyzy, mährem enelerimizi, Garaşsyz Diýarymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny şeýle-de medeniýetimizi ösdürmekde alnyp barylýan tutumly işleriň waspyny edýän aýdymlar has-da belentden ýaňlandy.

Dabara ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.