Türkmen oba hojalyk institutynda “Halal zähmet – bagtyýar durmuşyň gözbaşy” atly şygar bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Onda ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek işinde millilik, peder ýörelgelerine ugrukdyrmagyñ, olara bu hakda zerur bilimi we düşünjeleri bermegiñ, ýaramaz endikleri kemala getirmegiň iňňän uly jogapkärlidigi, ýaramaz endikleriň ynsan durmuşynda has-da ýaş nesilleriň geljegi üçin zyýan berýändigi dogrusynda çykyşlar diňlenildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaramaz endiklerden daşda durmak bilen birlikde ata-baba gelýän peder ýörelgelerimizi, milliliklerimizi gündeki ýaşaýşymyzyñ kadasyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziñ çäksiz aladalary bilen halkymyzyñ ýagty gelejegi üçin ýaş nesillerimizi zyýanly endiklerden goramak, olary millilik terbiýesine çekmek ugrunda asylly işler edilýär.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary edýän Milli Liderimize türkmen halkynyň agzybir, bolelin asuda durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan işleri bilen bir hatarda çuňňur zehininiň astynda kemala gelýän kuwwatly Watanymyzyň geljekki eýeleri, talyp ýaşlar hakynda birnäçe mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, Hormatly Arkadagymyzyň başynyň dik, janynyň sag, il ýurt bähbitli beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.