“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde uly taryhy waka, Milli Liderimiziň türkmen ýaşlaryna geçen umumy okuw sapagy çuňňur many-mazmuna baý bolup, bu taryhy duşuşykda ýurdumyzda ähli ugurlarda alnyp barylýan giň gerimli işler hem-de möhüm durmuş meseleleri barada bellenilip geçildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir parasatly dürdäne sözleri, watançylyk, edermenlik, mukaddeslik baradaky öwüt-nesihatlary hemmetaraplaýyn kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde nusgalyk mekdepdir.
Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Arkadagyň ýörelgesi – nusgalyk görelde” atly ylmy işleriň bäsleşiginiň birinji tapgyry Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň arasynda geçirildi. Bu bäsleşige göreldeli, oýlap tapyjy, döredijililige ukyply, zehinli talyp ýaşlarymyzyň birnäçesi gatnaşdy.
Talyplar Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýeti, Milli Liderimiziň türkmen halkynyň milli we medeni mirasy, halk döredijiligi, edebiýaty, taryhy, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşleri, halkara gatnaşyklaryndaky gazanylýan üstünlikleri baradaky taglymatlary ýaly derwaýys ugurlar boýunça öz ylmy işleri dogrusynda çykyş etdiler.
Bäsleşikde Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Çemen Çerkezowa “Horezmşalar döwründe binagärligiň ösüşi, daşary syýasatynyň esasy ugurlary we aýratynlyklary” atly ylmy işi boýunça çykyş edip, baýrakly I orna, Weterinar lukmançylygy fakultetiniň, Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aşyrmämedowa Ogulkeýik “Gahryman Arkadagymyzyň XV jiltlik Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly ensiklopediýalaryny weterinar lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri” atly ylmy işi boýunça çykyş edip, baýrakly II orna, Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Akgaýewa Aýlar “Tebigy we takyk derslerde Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti” atly ylmy işi boýunça çykyş edip, baýrakly III orna mynasyp boldular.
Emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça ýeňiş gazanan talyplar, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.
Bäsleşige gatnaşan ähli talyp ýaşlar okamaga, döretmäge, ylym bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
DOSÇANOWA Firuza,
Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby