TÜRKMENISTAN — ÖZBEGISTAN HYZMATDAŞLYGY: MEDENI WE SYÝASY GATNAŞYKLARYŇ BERK BAGLANYŞYGY

Mälim bolşy ýaly, şu günler Daşoguz şäheri toý lybasyna beslenip türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşýan myhmanlary garşylaýar. Türkmen oba hojalyk institutynda Daşoguz welaýatynda geçiriljek türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyna bagyşlanyp talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Türkmenistan — Özbegistan hyzmatdaşlygy: medeni we syýasy gatnaşyklaryň berk baglanyşygy” atly aýdym-sazly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

“Türkmenistan — Özbegistan hyzmatdaşlygy: medeni we syýasy gatnaşyklaryň berk baglanyşygy” ady bilen geçirilen aýdym-sazly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly taryhy, medeni, ruhy kökleri bir güzerden suw içýän, ýaşaýyş-durmuş terzi, däp-dessurlary birmeňzeş gadymy akaba eýe türkmen hem-de özbek halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Hakykatdan hem Heňňamyň öwrümli ýollarynda bagry badaşan bu iki halky baglanyşdyrýan dostluk, doganlyk rişdeleri wagtyň synagyndan geçip, müňýyllyklaryň dowamynda has-da berkedi. Bagtyýar talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasaty türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze döwre badalga berendigi, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda öňe ilerlemeler aýdyň duýulýandygy buýsançly bellenip geçildi.

Daşoguz welaýatynda geçirilýän türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyna bagyşlanyp guralan bu aýdym-sazly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde ýokary okuw mekdebiniň talyplaryndan düzülen “Bagtyýarlyk joşguny” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren şirin mukamlarynda türkmen – özbek dostlugynyň beýany, şanly ýylymyzyň belent waspy, eziz Diýarymyzda Eziz Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyňhalkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary, belentden ýaňlanyp sazlaşykly sepleşip gitdi.

Işjeň ýagdaýda geçen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen-özbek dostlugyny ösdürmek, dostana goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da rowaçlandyrmak barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.

Bahar GAZAKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.