AKYLDARA BAGYŞLANAN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy bütin türkmen halkynyň göwnüni galkyndyrdy. Çünki bu gün halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. ykyşlarda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi baradaky gyzykly gürrüňler beýan tapdy. Şeýle-de şahyr ýürekli Arkadagymyzyň döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň şahsyýetiniň, mirasynyň we hormat-sarpasynyň belende göterilişi, şahyryň şanyna döredilen edebi we publisistik eserleriň many-mazmuny dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilmegi, söz ussadynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, doglan gününiň 300 ýyllygynyň bu guramanyň 2024-2025-nji ýyllardaky şanly seneleriniň hataryna goşulmagy baradaky şatlykly wakalar buýsanç bilen beýan edildi. Aýdym-sazly döredijilik duşuşygynda Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündew häsiýetli goşgularynyň ýaş nesli terbiýelemekde ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Akyldar şahyryň döredijiliginden okalan goşgular, şeýle hem institutyň “Bagtyýarlyk joşguny” aýdym-saz döredijilik toparynyň ýerine ýetiren aýdymlary dabara özboluşly öwüşgin berdi.

Duşuşykda çykyş edenler Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy, türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasyny belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Miwe NURYÝEWA

Institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy