“Häzirki zaman oba hojalyk ylmynyň ösüşinde innowasiýalar we çözülmeli meseleler” atly ylmy seminar geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmekde döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen oba hojalygyny ösdürmek, bu pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işler özüniň oňyn netijelerini berýär.

Mälim bolşy ýaly, şu günler ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmeklik giňden ýola goýlup, üstünlikli alnyp barylýar.

Ýaňy-ýakynda Türkmen oba hojalyk institutynda “Agroinžener” we “Inžener-konstruktor” gurnaklarynyň guramagynda “Häzirki zaman oba hojalyk ylmynyň ösüşinde innowasiýalar we çözülmeli meseleler” atly ylmy seminar geçirildi. Onda talyp ýaşlarda ylma bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak, ylmy işi ýerine ýetirmekligiň ýollaryny öwretmek maksady bilen birnäçe çykyşlar guraldy. Ylmy seminarda ylmy işi alyp barmak boýunça dürli ugurlardan sorag-jogaplar alşyldy. Bu bolsa talyp ýaşlaryň oz hünärine bolan höwesini artdyrmak bilen birlikde ylmy işlere işjeň gatnaşmaklyga uly gyzyklanmanyň döremegine oňaýly täsir edýär.

Ýokary okuw mekdebimiziň bilim işgärleri, talyp ýaşlary ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmakda, talyp ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyş sözlerini beýan edýärler.

Kuwwat DEDEBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy