“Talyp gözeli-2024” bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim Minstrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp gyzlaryň başarjaňlygyny, döredijiligini, ugurtapyjylygyny, keşp hem-de edep gözelliligini, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, medeniýetini, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, “Halkara zenanlar güni” mynasybetli her ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän “Talyp gözeli” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi. Bäsleşikde institutyň Agronomçylyk, Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, Weterinar lukmançylygy fakultetleriniň talyp gyzlary bäsleşdiler.

Bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny dabaralandyrmak, ýurdumyzda gelin-gyzlara goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz başarjaňlyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşikde talyp gyzlar Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek şerti boýunça diýseň çekeleşikli bäsleşdiler. “Hünärim bar-hormatym bar” diýip atlandyrylan şertinde talyp gözeller ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmeniň keşdeçilik sungatyndan söz açyp, özleriniň çeper el işlerine bolan başarjaňlygyny keşde çekmek harkaly açyp görkezdiler.

Çekeleşikli hem-de gyzykly geçen bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine görä, baş baýragy Weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyby Döwletnazarowa Selbi, 1-nji ýere Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetniň talyby Halykowa Nurana, 2-nji ýere Agronomçylyk fakultetiniň talyby Haýytgulyýewa Gözel, 3-nji ýere Weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyp gyzy Aşyrmämmedowa Keýik mynasyp boldular. Bäsleşigiň netijeleri boýunça aýratyn tapawutlananlara hem-de ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

Žahan MIRABOWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň

1-nji ýyl talyby.