Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňündengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, Sanly bilim konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak, oba hojalyk pudagyna sanly ulgamy düýpli ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Sanly ulgam oba hojalygynda geçirilýän işleri ýönekeýleşdirmäge, çaltlaşdyrmaga hem-de tehnikalaryň ýerleşýän ýerine, ýangyjyň sarp edilişine, ulanylýan wagtyna we beýleki ençeme ölçeglere merkezleşdirilen ýagdaýda internete çykyp bolýan islendik ýerden, hatda ykjam telefondan gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle döredilýän ajaýyp şertlerden netijeli peýdalanyp, Türkmen oba hojalyk instititutynyň bagtyýar talyp ýaşlarynyň arasynda 2024-nji ýylyň 12-nji martynda “GeoGIS”ylmy gurnagynyň gurnamagynda Bütindünýä geodeziýa güni mynasybetli “Geodeziýanyň oba hojalygyndaky orny” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige gatnaşýan talyplar özleriniň nazary bilimlerini test soraglaryna jogap berip, öz başarnyklaryny görkezdiler. Iň ýokary bal toplan talyplara degişli hormat hatlary gowşuryldy.
Şu nurana diýarda hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşamak, okamak, işlemek, döretmek biz üçin aýratyn uly bagt. Çünki sözüň gudraty bilen öz milletini beýik ýeňişlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan tutumly işleri, ýetilen beýik sepgitler bagtyýar döwrümize ajaýyp öwüşgin berýär. Bizi şeýle ajaýyp zamana ýetiren, Berkarar döwletimize şan-şöhrat getiren Gahryman Arkadagymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjyny dowamat dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ýagşymämmet ÝAGŞYMÄMMEDOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,
“GeoGIS” gurnagynyň ylmy ýolbaşçysy