2024-nji ýylyň mart aýynyň 25-nde Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Kuwwat Kurbanowyň, Mährijemal Allamuradowanyň, Babageldi Kurbanowyň, Gurbangeldi Haýdarowyň we Haýitžan Kazakowanyň Scopusyň ylmy edebiýatyň bitewi bibliografik we referatiw maglumatlar binýadynyň düzümine girýän “E3S Web of Conferences” ylmy žurnalynda “Pürli agaçlaryň duza durnuklylygyny öwrenmegiň netijeleri we onuň Aralýaka zolagyň ekologiki ýagdaýyny gowulandyrmakdaky orny” atly ylmy makalasy çapdan çykdy. Makalada Daşoguz sebitiniň dendroflorasynyň taksonomiki, biomorfologiki, geografiki we daşky gurşaw seljermesi boýunça köp ýyllyk ylmy gözlegleriň netijeleri, şeýle hem pürli agaçlaryň duzuna çydamlylygyny öwrenmegiň netijeleri beýan edilýär.
Ajaýyp zamanada biz ylmy işgärlere işlemäge, döretmäge döredip berýän ajaýyp şertleri üçin Hormatly Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Şatlyk PYGAMOW,
Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň
müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji