BAÝDAGYŇ BELENTDIR DÜNÝÄŇ ÖŇÜNDE

Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Türkmen oba hojalyk institutynda şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen baýramçylyk çäresinde ýokary okuw mekdebiniň Medeniýet merkeziniň aýdymçylary çykyş edip, özleriniň hoş owazlary bilen dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Olarda milletimiziň kalby deý nurana, türkmen tebigaty deý owadan ýaşyl Baýdagymyzyň waspy şeýle-de döwlet berkararlygymyzyň, hemişelik bitaraplygymyzyň, asudalygymyzyň, erkinligimiziň waspy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bedew batly ösüş-özgerişlerinde, üstümizdäki ýylda egsilmez ruhubelentlige beslenip dabaraly bellenilýändigini giňişleýin beýan edildi.

Baýramçylyk çäresinde bagtyýar döwrümiziň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan tutumly işleriniň, halkymyzyň ýokary derejede, şowhunly toýlaýan goşa baýramyň waspyny belentden ýetirýän tanslar baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan professor-mugallymlaradyr, talyp ýaşlara baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar başymyzyň täjine deňelýän mukaddes Tugumyz asuda, erkin, abadan durmuşymyzyň kepili bolup, hemişe belentde pasyrdamagyny, Döwlet baýdagymyzyň saýasynda ylym-bilim ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.