Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň yglan eden Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Täze eýýamyň üme däbi» atly döredijilik festiwaly Türkmen oba hojalyk institutynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bäsleşige gatnaşan talyp gyzlar ene-mamalarymyzdan galan milli sungatymyzy utgaşdyryp döwrebap şekilleri döretmek, dürli görnüşdäki el işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Döredijilik festiwalyň institut tapgyryna gatnaşan talyp gyzlar üme dessurlaryny ýerine ýetirenlerinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygar astynda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işler, ýetilen sepgitler, halkymyzyň baý geçmiş mirasy, medeni gymmatlyklarymyz, milli däplerimiz, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy, bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbi wasp edilip, olarda “Bu ýurt biziň watanymyzdyr! Bu ýer biziň mähriban topragymyzdyr! Biz ata-enelerimiziň we maşgala mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys” diýen şygarlar boýunça çykyşlary guradylar. Ýu ýerde giňden ýaýbaňlandyrylan sergide türkmen senetçiliginiň kämil sungat derejesine öwrülen haly, mata dokamagyň, keçe basmagyň, keşde gaýamagyň, egin-eşik, kürte, don, tahýa, ellik, jorap, aýakgap tikmegiň görnüşleri görkezilmegi döredijilik festiwalynyň ruhy joşgunyny artdyrdy. Şeýle-de bagtyýar talyp gyzlaryň gatnaşmagynda “Täze eýýamyň üme däbi” ady bilen geçirilen döredijilik festiwalynyň dowamynda milli mirasymyzy, Garaşsyz Diýarymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň milli mirasymyzy, medeniýetimizi ösdürmekde alyp barýan tutumly işlerini wasp edýän aýdymlar has-da belentden ýaňlandy. Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri gadymy däp-dessurlarymyzyň belende göterilýän, milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpanyň artýan döwrüne öwrüldi. Türkmeniň medeni mirasy juda baý hem-de köp öwüşginlidir. Gelin-gyzlarymyzyň deňsiz-taýsyz el işleri milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp gyzlary eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýarlar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.