Türkmenistanda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artýar, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmek ugrunda zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 18-nji martynda ýokary okuw mekdebimizde Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bilelikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylmy işler bilen meşgullanmagyny höweslendirmek we ýaş zehinleriň ylym-bilimini, hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen institutyň talyp ýaşlarynyň arasynda “Ylym we ýaşlar: oba hojalygyň geljegi” atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige institumyzyň ylmy gurnaklarynyň zehinli talyplary, şeýle hem ylym bilen meşgullanýan talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar, özleriniň oba hojalygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça taýýarlan taslama işlerini görkezdiler.
Eminler topary ähli gatnaşyjylaryň işleri bilen tanyş boldular we bäsleşigiň ahyrynda bilimiň we önümçiligiň, ylmyň we tehnikanyň geljekde ösmegi üçin amaly gyzyklanma döretjek işleriň awtorlary, şeýle hem olaryň ylmy ýolbaşçylary eminler toparynyň hödürlemegi boýunça hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Eminler toparynyň gelen netijesi boýunça Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Parahadow Begli I baýrakly orna, Oba hojalygynyň ykdysadyýeti hünäriniň 4-nji ýyl talyby Baýlyýew Baýly we Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby Zakirjanowa Albina II baýrakly orna, Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Öwliýakulyýew Ikram, Ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Hudaýbergenow Röwşen we Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby Amangeldiýewa Ogulnäz baýrakly III baýrakly orna mynasyp boldular. Şeýle hem, Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Permankulyýew Wahypjan, Agronomçylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby Dosçanowa Firuza we Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Ýegennazarow Begnazar bäsleşige işjeň gatnaşandyklary üçin hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
Bäsleşigiň ahyrynda gatnaşyjylaryň ählisi okamaga, döretmäge we ylym bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri üpjün edip, özleri barada yzygiderli alada edýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Serdar MUMINOW,
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy