“Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigi

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigi hakynda
DÜZGÜNNAMA

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diýarymyz tarapyndan dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we hemmetaraplaýyn goldamak, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ata Watanymyzyň öňe sürýän parahatçylyk we howpsuzlyk, energetika hem-de ekologiýa babatdaky amala aşyrýan beýik işleri, teklipleri dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitabynda Türkmenistanyň sebitde global maksatlary uýgunlaşdyryp başlan ilkinji ýurtlaryň biri bolandygy, netijede, DÖM-niň 17 maksady, 148 wezipesi we 175 sany görkezijileriniň ornaşdyryldygy aýratyn nygtalýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça iş toparynyň döredilendigi we bu ugurdaky wezipeleri netijeli amala aşyrmak maksady bilen häzirki wagtda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, olar bilen bagly degişli halkara maslahatlaryň geçirilýändigi hem guwandyryjy hakykatdyr.

Şular bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji bolan ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, şeýle hem ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly, zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen Türkmen oba hojalyk institutynyň gurnamagynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşiginiň möhüm ähmiýetiniň boljakdygy şübhesizdir.

I. Umumy düzgünler

Bäsleşige ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ähli talyplary gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň içinde oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek we suw çeşmelerinden rejeli peýdalanmak maksatlary bilen baglylykda 3 sany ugur boýunça geçiriler.

Bäsleşik iki tapgyrda geçiriler.

Bäsleşigiň resmi dilleri: türkmen, iňlis we rus.

II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri

Bäsleşigiň maksady – talyplary BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryndan gelip çykýan, oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek we suw çeşmelerinden rejeli peýdalanmak ýaly oba hojalygynyň möhüm meselelerini özbaşdak çözmeklige çekmeklik bilen, olaryň ylmy taýdan pikirleniş, ylmy-barlag ukyplaryny we döredijilikli çemeleşme endiklerini ösdürmek bolup durýar.

Bäsleşigiň esasy wezipeleri:

  1. oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek we suw çeşmelerinden rejeli peýdalanmak boýunça talyplaryň bilimlerini giňeltmek;
  2. ylmy çemeleşmeler boýunça talyplaryň düşünjelerini çuňlaşdyrmak we olary oba hojalyk meselelerini çözmekde ulanmaklygyny gazanmak;
  3. talyplary Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde oba hojalygynyň orny bilen tanyşdyrmak;
  4. oba hojalygynyň meselelerini ýüze çykarmak we seljermek arkaly talyplarda pikirleniş we ýüze çykýan meseleleri gysga wagtda çözmeklik ukyplaryny ösdürmek;
  5. talyplarda durnukly ösüş babatynda jogapkärçilik duýgylaryny terbiýelemek;
  6. oba hojalyk pudagy üçin innowasion we amaly çözgütleri işläp taýýarlamak;
  7. talyplaryň takyk we tehniki ylymlar, tehnologiýalar we matematika (STEM) babatynda gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak.

III. Bäsleşigiň ugurlary

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň içinde oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek we suw çeşmelerinden rejeli peýdalanmak maksatlary bilen baglylykda bäsleşik şu aşakdaky ugurlar boýunça geçiriler:

  • Oba hojalyk taslamalary. Düýpli täze ýa-da ýerine ýetirýän işi boýunça bar bolan meňzeş taslamalardan aýratyn häsiýetnamalary boýunça üstün gelýän, oba hojalyk boýunça oýlap tapyşlar.
  • IT-taslamalary. Programma üpjünçiligi (web-hyzmatlar, mobil, desktop programmalar, botlar). Programma üpjünçiligine web-saýtlar, freýmworklar, programma kitaphanalary we IT-önümlerini döredýän gaýry adamlar tarapyndan goşundy hökmünde niýetlenen önümler degişli däldir.
  • Işewürlik taslamalary. Işewürlik maksatnamalary, maliýe resminamalary we ş.m.

IV. Bäsleşigiň geçirilişiniň tertibi

Bäsleşik II tapgyrda geçirilýär.

I tapgyr. Bäsleşikde kabul edilen 3 sany uguryň birine degişli talybyň ýa-da talyplar toparynyň (iki talypdan köp bolmadyk) özüniň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen ylmy-taslamanyň işiniň ýazgysyny (düzgünnamanyň goşundysy bilen) 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli Merkezi guramaçylyk iş toparynyň elektron (tohi.tm.info@gmail.com) salgysyna ugradýar.

Eminler topary tarapyndan seljerilip, saýlanylan işler bäsleşigiň indiki tapgyryna goýberilýär. II tapgyra geçen ylmy-taslama işleriniň sanawy institutyň tohi.edu.tm web-saýtynda 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda yglan edilýär.

II tapgyr. Bäsleşigiň II tapgyry 2024-nji ýylyň 16-17-nji oktýabry aralygynda geçiriler. Bu tapgyrda bäsleşigiň I tapgyrynyň netijesi boýunça ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary internet ulgamynyň üsti arkaly uzak aralykdan Merkezi guramaçylyk iş toparynyň öňünde ylmy-taslamasy boýunça prezentasiýa arkaly çykyş edýärler.

V. Bäsleşige gatnaşýan ylmy-taslamalaryň taýýarlanylyşyna talaplar

Ylmy-taslama ýazgysy we prezentasiýa görnüşinde hödürlenilmelidir.

Ylmy-taslamanyň ýazgysyna bildirilýän talaplar:

  • Hasabatyň göwrümi – 15-20 sahypa aralygynda, setirarasy – 1,5;
  • Sahypanyň boşluklary: ýokardan we aşakdan – 2 sm, çepden – 3 sm we sagdan – 1,5 sm;
  • Sahypanyň ölçegi – A4;
  • Ylmy işiň titul sahypasynda bäsleşige gatnaşylýan ugur, temanyň ady, ýerine ýetiriji we ylmy ýolbaşçynyň ady görkezilmeli;
  • Meýilnamalaryň we aşaky meýilnamalaryň atlary baş, ýarym ýogyn harplar bilen ýazylmaly. Şrift – Times New Roman 14 pt. Deňleme – merkezden;
  • Suratlar merkezden deňlemek arkaly, setiriň çäginde diňe bir surat goýmak arkaly ýerleşdirilýär. Suratlaryň düşündiriş ýazgysynyň bolmagy hökmandyr we onuň ölçegi – 12 pt deň bolmalydyr. Getirilen suratlara, hasabatyň ýazgysynda salgylanmalaryň bolmagy hökmandyr. Suratdaky sanlar, belgiler we ýazgylar düşnükli, okap bolýan görnüşde bolmalydyr.Esasy ýazgyda şrift – Times New Roman 14 pt. Deňleme – setiriň giňligi boýunça.

Taslamanyň prezentasiýasyna bildirilýän talaplar:

  • Ilkinji sahypada bäsleşige gatnaşylýan ugur, temanyň ady, ýerine ýetiriji we ylmy ýolbaşçynyň ady görkezilmeli;
  • Prezentasiýanyň göwrümi 12-15 sahypa.

IV. Bäsleşigiň geçirilişiniň tertibi

Türkmen oba hojalyk instituty bäsleşigi geçirmek boýunça Merkezi guramaçylyk iş toparyny döredýär. Merkezi guramaçylyk iş toparynyň düzümine Türkmen oba hojalyk institutyndan bäsleşigi geçirmek boýunça jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň wekilleri, oba hojalyk pudagy boýunça ylmy-barlaglaryny alyp barýan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň professor-mugallymlar we ylmy işgärler girýärler.

Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň guramaçylygy, geçirilişi, tamamlanylyşy boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar. Bäsleşigiň netijelerine baha bermekde gapma-garşylykly ýagdaýlar ýüze çykanda, Merkezi guramaçylyk iş topary jedelli meseleleri çözmek üçin arz-şikaýat iş toparyny döredýär. Arz-şikaýat iş toparyna Merkezi guramaçylyk iş toparyndan we emin agzalaryndan hünärmenler girizilip bilner. Arz-şikaýat iş toparyň çözgüdi, Merkezi guramaçylyk iş topary tassyklandan soň, gutarnykly hasaplanylýar. Merkezi guramaçylyk iş topary ýeňijileri, işjeň gatnaşyjylary we guramaçylary sylaglamak boýunça teklip berýär.

Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň I tapgyrynda gelen ylmy-taslama işlerini jemleýär we seljerýär hem-de II tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan dalaşgärleriň sanawyny yglan edýär.

Merkezi guramaçylyk iş topary talyplaryň ylmy-taslama işlerine seredenlerinde şu aşakdaky görkezijiler boýunça baha berýärler:

Görkezijiler Talaplar Ballar Iň ýokary bal
Taslamanyň wajyplygy Taslama häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözýär, innowasion çözgüt bolup, degişli meseläniň çözüwi üçin täze bolup durýar. 4 4
Täze we wajyp mesele alnan, emma onuň çözüwi gutarnykly däl, şol bir wagtda meseläniň çözgüdi özbaşdak amala aşyrylan. 3
Täze we wajyp meseleleriň çözgüdi oýlanyp tapylan, emma ol eýýäm bar bolan usullaryň kömegi arkaly amala aşyrylan. 2
Mesele täze däl, onuň çözüwi hem bar, emma gatnaşyjy öz çözgüdini hödürleýär. 1
Mesele täze däl, gatnaşyjynyň hödürleýän çözgüdi hem öň bar bolan çözgütlere meňzeş. 0,5
Taslamanyň mazmuny Taslama köpsanly peýdaly maglumatlardan ybarat; ähli maglumatlar tertipleşdirilen, pikirleriň beýan ediliş yzygiderliligi talabalaýyk; ähli barlaglar soňuna çenli amala aşyrylan; logiki jemlemesi we netijesi bar. 3 3
Ýokarda sanalyp geçilen görkezijileriň biri ýerine ýetirilmedik. 2
Artykmaç maglumat köp, pikirleriň beýan ediliş yzygiderliligi ýok, taslamanyň mazmuny açylyp görkezilmedik. 1
Taslamanyň gerimi Taslama köpsanly adamlaryň meselelerini çözmeklige ýardam berip biler. 3 3
Taslama nähilidir bir şertler bilen çäklendirilýänligi sebäpli, kesgitli topar köplügine gönükdirilen. 2
Taslamadan örän az adamlar topary peýdalanyp biler. 1
Taslamany durmuşa ornaşdyrmak mümkinçiligi Taslamadan beýleki adamlar hem peýdalanyp bilerler: ýönekeý böleklerden durýar ýa-da ähli zerur bolan bölekler elýeter görnüşde. 3 3
Taslamadan peýdalanmak üçin dürli görnüşli goşmaça enjamlar gerek. 2
Taslama diňe bir nusga görnüşinde bolup, ony döretmek gaty kyn ýa-da mümkin däl. 1
Daşky gurşawa täsiri Taslamany ulanmaklygyň netijesinde daşky gurşaw we adam saglygy üçin hiç hili zyýanynyň bolmazlygy. 2 4
Taslamany döretmek üçin ulanylan bölekleriň daşky gurşaw we adam saglygy üçin hiç hili zyýanynyň bolmazlygy. 2
Taslamanyň täzeçilligi Häzirki wagta çenli mälim bolmadyk hem-de ylymda we amalyýetde hasaba alynmadyk täze nazary we amaly netijeleriň bolmagy 3 3
Jemi 20

VII. Bäsleşigiň netijelerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak

Ähli görkezijiler boýunça toplanan ballaryň jemi esasynda her ugur boýunça I, II we III orunlar kesgitlenilýär. Deň bal toplanan ýagdaýynda ýeňiji Merkezi guramaçylyk iş toparynyň agzalarynyň arasynda ses bermek arkaly kesgitlenilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri institutyň rektory tarapyndan I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.