"Galkynyş – Türkmenistanyň buýsanjy" atly hekaýa, oçerk we esse ýazmak boýunça bäsleşigi

ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYP ÝAŞLARYNYŇ ARASYNDA «GALKYNYŞ – TÜRKMENISTANYŇ BUÝSANJY» ATLY HEKAÝA, OÇERK WE ESSE ÝAZMAK BOÝUNÇA BÄSLEŞIGI GURAMAK WE GEÇIRMEK HAKYNDA
D Ü Z G Ü N N A M A

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda behişdi bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmak, paýhasly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk ýörelgelerini dowam etdirmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ilkinji aýynda buýsançly, şatlykly wakalaryň biri hem, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäniň ençeme döwletiniň gatnaşmagynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, ol ýerde türkmen ýigitlerimiz at üstündäki milli oýunlarymyz bilen üstünlikli çykyşlary ýerine ýetirip, ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parladyp, festiwalyň birnäçe ýörite baýraklaryna, iň esasysy hem Altyn baýraga mynasyp bolmagydyr. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan ajaýyp üstünliginiň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek hem-de dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Galkynyş – Türkmenistanyň buýsanjy» atly hekaýa, oçerk we esse ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär.

I. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri

Bäsleşik, talyplaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, milli mirasymyzy, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünliklerini wagyz etmek maksady bilen geçirilýär. Şeýle hem, bäsleşik ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, edebiýat bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek hem-de milli gymmatlyklarymyzy döwrebap döredijilik eserlerinde beýan etmek üçin mümkinçilik döretmek maksadyny göz öňünde tutýar.

Bäsleşigiň esasy wezipeleri şulardan ybarat:

  • talyplaryň döredijilikli pikirlenişini ösdürmek;
  • «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň taryhy we ähmiýeti barada jemgyýetçilik habarlylygyny ýokarlandyrmak;
  • türkmen milli edebiýatyny baýlaşdyrmak we döwrebap ruhy gymmatlyklary beýan etmek;
  • türkmen bedewleriniň we atçylyk medeniýetiniň milli buýsanç hökmünde orny barada garaýyşlary wagyz etmek;
  • döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary goldamak we höweslendirmek.

II. Bäsleşigi geçirmegiň we gatnaşmagyň tertibi

Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşyp bilerler. Her bir gatnaşyjy bäsleşige diňe bir iş bilen gatnaşyp biler.

Bäsleşige hödürlenilýän işler hekaýa, oçerk ýa-da esse görnüşinde kabul ediler. Işleriň mazmuny geçirilýän bäsleşigiň ady bilen bagly bolmaly we milli ruhy gymmatlyklarymyzy beýan etmeli. Işler türkmen dilinde ýazylyp, çeperçilik derejesi, many-mazmuny we düşündiriş usuly bilen tapawutlanmalydyr.

Bäsleşige hödürlenýän işleriň görnüşine baglylykda göwrümi hekaýa 1-3, oçerk 3-5, esse 2-4 sahypa aralygynda bolmalydyr. Işler A4 ölçegli kagyzda, sahypanyň ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda 2,5 sm, sag tarapda 1,5 sm, orientasiýasy – kitap görnüşinde, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1,5 bolmalydyr.
Bäsleşige hödürlenilýän işler şu aşakdaky görkezijiler esasynda bahalandyrylýar:

  • Temanyň açylyş derejesi;
  • Döredijilikli çemeleşilmegi;
  • Dil we stil taýdan kämilligi;
  • Işiň täsirliligi;

Bäsleşigi geçirmek degişli okuw mekdeplerine hat ibermek esasynda we ýörite bildiriş arkaly institutyň resmi web-saýtynda mälim edilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin şu salgylanma arkaly onlaýn usulda hasaba alnyş formasyny doldurmaly.

Bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 5-den köp bolmadyk talybyň işleri 2025-nji ýylyň 25-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Emin agzalaryndan düzülen topar ýollanan işleri barlaýarlar, eminler topary düzgünnamada getirilen bahalandyryş şertlerine baglylykda baha berýärler we her ugurdan iň oňat işleri ýüze çykarýarlar.

Bäsleşigiň netijeleri 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda jemlenýär.

III. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

Bäsleşigiň jemleri boýunça işiň görnüşine baglylykda I, II we III orunlara mynasyp bolan talyplar institutyň adyndan Hormat hatlary bilen sylaglanylar.

Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň resmi web-saýtynda ýerleşdiriler.

Guramaçylyk topary:
Habarlaşmak üçin telefon belgi: +99365273775
Elektron salgy: tohi.tm.info@gmail.com