"Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak” atly halkara ylmy-amaly maslahaty

Türkmen oba hojalyk instituty 2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde “Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň maksady:

Ekologiki ulgamlara täsirleriň ýokarlanmagy we howanyň üýtgemegi şertlerinde oba hojalygynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň ýörelgelerini, tehnologiýalaryny we çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşmak.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň wezipeleri:

  • Agrosenagat toplumynda tebigy baýlyklary peýdalanmaklygyň häzirki zaman meselelerini we töwekgelçiliklerini ýüze çykarmak;
  • Oba hojalygynda suwdan, ýerden, energiýa çeşmelerinden rejeli peýdalanmagyň innowasion usullaryny we tehnologiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak;
  • Dürli ýurtlaryň alymlarynyň we bilermenleriniň arasynda tejribe alyşmaklaryny üpjün etmek;
  • Ekologiki we tebigy baýlyklar babatynda meseleleri çözmeklik üçin halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini kesgitlemek;
  • Oba hojalyk pudagyna netijeli çemeleşmeleri ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň tematiki ugurlary:

  • Oba hojalygyny alyp barmak boýunça ekologiki çemeleşmeler
  • Suw gorlaryndan rejeli peýdalanmak
  • Ýer serişdelerinden netijeli peýdalanmak

Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler resminamalaryny tabşyranlarynda aşakda beýan edilen talaplary berjaý etmelidirler.

“Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmagyň

Ş E R T L E R I

  1. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň maslahata tabşyrylan tezisleriň awtorlary üçden köp bolmaly däldir. Işiň mazmuny özbaşdak ylmy-barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmaly.
  2. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş görnüşi doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt):

Türkmenistanly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylary hasaba alnyş görnüşi (daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin)

Familiýasy
Ady
Atasynyň ady
Wezipesi
Alymlyk derejesi, ady
Işleýän ýeriniň doly ady
Işleýän ýeriniň salgysy (poçta indeksini hem görkezmeli)
Iş telefony, elektron salgysy
Nutugyň ady (baş harplar bilen ýazmaly däl)
Nutugyň tematiki ugry
Nutuk haýsy dilde taýýarlandy
  1. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin gysgaça beýany (tezis) we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Nutugyň gysgaça beýany ylmy-amaly maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalar bolsa beýleki iki dilde bolmaly.
    • 3.1. Halkara ylmy-amaly maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň türkmen diline terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler.
    • 3.2 Halkara ylmy-amaly maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly.
  2. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ylmy işiniň gysgaça beýany we annotasiýalar awtoryň işleýän edarasynda seredilmeli we edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen iberilmeli. Hata nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri goşulmaly.
  3. Iberilen resminamalaryň mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler.

Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän

T A L A P L A R

  1. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin gysgaça beýanlaryny we annotasiýalary guramaçylyk komitetine ibermegiňizi haýyş edýäris (gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda 1,0 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň (iňlis we rus dillerinde) möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly.
  2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – “kitap” görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.
  3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl, şrifti bolsa 14-den kiçi bolmaly däl. Nutugyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,0 sahypadan geçmeli däl.
  4. Maslahata elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Word for Windows formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen).
  5. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:
    • awtoryň ady, familiýasy sahypanyň sag gyrasy boýunça deňlemek bilen 14-lik şriftde setir harplar bilen goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli;
    • eger nutugyň iki awtory bar bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli;
    • gysgaça beýanyň we annotasiýalaryň atlary baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli;
    • nutugyň gysgaça beýanynyň tekstini ýazmazdan öň 1 setir goýbermeli.
  6. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň tekstleri setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki formulalar degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly.
  7. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär.
  8. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işlere garalmaýar.
  9. Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.
  10. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça iş ylmy-amaly maslahata goýberilmän bilner.
  11. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.
  12. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we “tez” diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Ataýew Nurmyrat, faýlyň ady – “Ataýew N. tez”. Nutuk aýratyn faýlda iberilmeli.
  13. Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen ylmy-amaly maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we “reg” diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, “Ataýew N. reg”.
  14. Faýllary arhiwirlemeli däl!

Habarlaşmak üçin: Türkmen oba hojalyk instituty

tel: (+99312) 9-27-47; faks: (+99312) 9-27-48

elektron poçta:tohi_tm@sanly.tm

tohi.tm.info@gmail.com

Halkara maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler öz tezislerini we annotasiýalaryny (elektron görnüşinde) 2025-nji ýylyň 12-nji apreline çenli ibermegiňizi haýyş edýäris.

Guramaçylyk topary