“AgriTech” atly Hakaton bäsleşigi

Türkmen oba hojalyk institutynda
“AgriTech” atly Hakaton bäsleşigini geçirmegiň
DÜZGÜNNAMASY

Hünär biliminiň maksady talyplary durmuşda jemgyýete peýdaly, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy, işjeň durmuş keşbine eýerýän, ýokary adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýän arassa ahlakly, döredijilikli pikirlenip, aýdyň maksatlary öňünde goýup, olara maksatly çemeleşmegi başarýan, öz hünäriniň ussady bolan tutanýerli, maksada okgunly we öwrenilýän nazary bilimleri önümçilik işi bilen utgaşdyrmagy, gyzyklanma bildirýän taraplaryň we milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň senagat kuwwatlyklarynyň ösen isleglerine gönükdirilen taslama işlerini, kadalaşdyryjy we tehniki resminamalary işläp taýýarlamagy başarýan hünärmenleri taýýarlamakdan hem-de degişli ugurlar boýunça zähmet endiklerini kemala getirmekden ybaratdyr.

1. Umumy düzgünler

Hakaton - bu toparlaýyn bäsleşik çäresiniň ady bolup, saýlanyp alnan ugurda täze pikirlerdir garaýyşlaryň döremegine hem-de olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine niýetlenen ýörite meýdançadyr. Hakaton platformasy dürli kärlerde işleýän we zähmet çekýän hem-de haýsy-da bolsa belli bir ugra ýöriteleşen ýa-da milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça aýratyn ukyp-başarnyklara eýe bolan gyzyklanma bildirýän taraplary we dürli hünärli adamlary bir topara jemläp, olaryň hakaton üçin saýlanylyp alnan ugur ýa-da ugurlar boýunça täze çözgütleri, döredijilikli gözlegleri, aýratyn-da hünär endiklerini ele almagyna uly mümkinçilikleri döredýär.

Türkmen oba hojalyk institutynyň “AgriTech” bäsleşigi 2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda onlaýn görnüşinde geçiriler.

Bäsleşige isleg bildirýän ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2024-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli institutyň https://tohi.edu.tm ýa-da gurbanhandurdyyev@gmail.com elektron salgysyna 1-nji goşundyda görkezilen maglumaty dolduryp ýollamaly.

Hakaton toparlaýyn görnüşinde geçiriler. Her topar 4 (dört) talypdan geçmeýän ýagdaýda her ýokary okuw mekdepden 1 topar gatnaşyp biler.

Bäsleşikde hödürlenýän şertlerine görä 3-5 sagat wagt berilýär.
2. Hakaton bäsleşigini geçirmegiň maksady we wezipeleri

2.1. Bäsleşigiň maksady - ýaşlaryň we ýaş alymlaryň tehniki we tehnologiki ugurlarda innowasion tehnologiýalary hem-de tehnikalary oýlap tapmaga, ozal bar bolanlarynyň kemçilikli aýratynlyklaryny tapyp, olary düzetmegiň ýollaryny gözlemäge höweslendirmek.

2.2. Bäsleşigiň wezipeleri:

  • ýaşlaryň aň-bilim, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek we olaryň hünär endiklerini kämilleşdirmek;
  • ýaşlaryň hünär taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmak, döredijilik ukybyny ýaryş şertlerinde açyp görkezmek we kärine (hünärine) bolan söýgini artdyrmaga gönükdirilendir;
  • sanly ulgamlaryň dürli maksatly we ugurly programma üpjünçiliklerini döretmek ukyp başarnyklaryny ýokarlandyrmak, döredilen programma üpjünçiliginde dürli görnüşli maglumatlary birikdirmek, programma üpjünçilikleriniň işjeňligini ýokarlandyrmagyň iň ygtybarly we amatly ýollaryny kesgitlemek;
  • geçirilýän hakatonyň netijesi hem-de Guramaçynyň syny boýunça bäsleşigiň çäginde taýýarlanan taslamany önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen teklip etmek.

3. Hakatonyň şertleri

Emin agzalary talyplaryň zähmet endiklerine, ýerine ýetiriş usullaryna we bu ugurdaky ukyp-başarnyklaryna, olaryň her bir we kesgitli işe çemeleşişiniň tehnologiki sowatlylygyna, berlen ýumuşlaryň wagtynda, özi-de doly derejede we dogry hem-de dürs ýerine ýetirilişine, iş hereketiniň dowamlylygynda tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň we zähmeti goramagyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýärler we degişli düşündiriş işlerini geçirýärler. Hakatonyň geçirilişiniň tertibine laýyklykda, netije çykarýarlar.

Hakaton bäsleşikli ýaryş çäresiniň ýumuşlary we olary ýerine ýetirilişi gatnaşyjylaryň dürli derejeli we görnüşli programma üpjünçiliklerini işläp düzmegiň amaly endiklerini barlamaklyga gönükdirilendir. Hakatona gatnaşyjy onda berlen ýumuşy ýa-da ýumuşlary ýerine ýetirende programmirleme dilleriň islendigini ulanyp biler.

Hakatonyň temasy: Oba hojalyk toplumyna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň programma üpjünçiligini teklip etmek.

Hakatona gatnaşyjylary şulary ýerine ýetirmelidir:

  • Programma üpjünçiligini işläp düzmeli;
  • Programma üpjünçiligini müşderi bölegini işläp düzmeli;
  • Programma üpjünçiligini serwer böleginiň işläp düzmeli;
  • Programma serişdesiniň işjeň taýýar görnüşini eminlere teklip etmeli.;

Hakaton toparlaýyn ýa-da ýekelikde geçirilýär. Topar 4 adamdan ybarat bolup biler. Her toparyň öz toparbaşysy bolmaly.

4. Baha ölçegleri

4.1. Baha ölçegleri we goýlan bahalaryň sany kesgitli bolup, emin agzalary gatnaşyjylaryň hünär aýratynlyklaryny we olaryň ýerine ýetirilýän işe bolan garaýşyny hem-de ukyp-başarnyklaryny aşakdaky tablisada görkezilen ölçegler boýunça kesgitleýärler. Bu görkeziji iň ýokary utuk bolup, ballar ýumuşuň ýerine ýetiriliş derejesine laýyklykda, “F1 weighted” bahalandyrma synplaşdyrmasy boýunça metrik takyklykdaky bahalaryň jemi boýunça bahalandyrylýar. Bu bahalandyrma ulgamyna laýyklykda iň gowy çözgüt iň ýokary metrik görkezijilere eýe bolýar.

4.2. Netijeleri bahalandyrmagyň usulyýeti:

4.2.1. Gatnaşyjy toparlaryň işiň tehniki çözgütlerini tapyşlary we programma üpjünçiliginiň işlenilişi boýunça bahalandyrma üçin hökmany suratda emin agzalarynyň ýekebara bahalandyrma usuly peýdalanylýar.

4.2.2. Taslamanyň ýerine ýetirilişi boýunça umumy baha düzgünnama goşulan 1-nji goşunda laýyklykda eminleriň bahalandyrmasynyň jemi görkezijisini goşmak arkaly berilýär.

4.3. Hakatonyň final tapgyry tamamlanandan soňra eminler topary tarapyndan ýeňiji kesgitlenýär. Eminleriň çözgüdi beýanda görkezilýär we hakatonyň netijeleri boýunça maglumat Web saýtda ýerleşdirilýär.

Ýumuşy bahalandyrmagyň ölçeglerinden edilýän talaplar:

  • Programma üpjünçiliginiň hili
  • Hakatonyň ýumuşyna hödürlenýän programma üpjünçiliginiň ylmylygy, amaly ulanyş mümkinçiligi (durmuşa geçirmek) we taslama berilýän düşündürişiň esaslandyrylyşy;
  • Programma üpjünçiliginiň göwrümi,
  • programma serişdesiniň doly işe ukyplygy, wajyplygy we täzeçilligi;
  • niýetlenen operasion ulgamynda işjeňlik görkezijileriniň ýokarylygy;
  • bäsleşige hödürlenilýän programma üpjünçiliginiň wizual şekillendirilişi, dizaýny we ergonomik talyplary kanagatlandyryşy;

Işiň bu görnüşi boýunça işlenip düzülen programma üpjünçiliginiň kompýuteriň maglumat saklaýjy we işjeň ýadynda tutýan ýeri hem-de ol işe goýberilende kompýuterde ulanýan resurslarynyň möçberine baha berilýär.

  • Programma üpjünçiliginiň ýönekeýligi

  • Programma üpjünçiligine ulanyjy göz bilen seredilende, operasion ulgamlaryň görnüşlerine we işlenip düzülen programma zerur bolan goşmaça paketleriň görnüşlerine garamazdan, programma üpjünçiligini işletmegiň we özgertmegiň ýönekeýligine baha berilýär;
  • hödürlenýän taslamanyň programma önüminiň ylmylygy, amaly ulanyş mümkinçiligi (durmuşa geçirmek), we taslama berilýän düşündürişiň esaslandyrylyşy.

5. Esasy talaplar:

Hakatona gatnaşýanlar tarapyndan ýanlary bilen getirilen kompýuter tehnologiýalarynda we enjamlarda ýerleşdirilen, bar bolan içerki ýatda maglumat saklaýjylaryň düzümi, bukjalardyr faýllaryň gurluşlary degişli bilermenler we ýörite düzülen emin agzalary tarapyndan barlanyp bilner. Şeýle gurluşlar tapylan, olarda bäsleşigiň şertlerine we talaplaryna laýyk gelmeýän görkezijiler ýüze çykarylan ýagdaýynda, olar wagtlaýynça, hakaton tamamlanýança alynmaga degişlidir.

a. Hakaton bäsleşikli ýaryşyň dowamlylygynda gatnaşyjylara şulary ulanmaga rugsat berilýär.

  • şahsy kompýuterini;
  • islendik dildäki we görnüşdäki klawiaturany;
  • klawiatura üçin dil faýllaryny;
  • syçanjygy;
  • maglumat bazasyny döretmek üçin zerur bolan edebiýatlary.

b. Hakaton bäsleşikli ýaryşyň dowamlylygynda gatnaşyjylara şulara rugsat berilýär:

  • Goşmaça modullar we frameworklar (ýerine ýetirilen ýumuş gatnaşyjylaryň doly derejede özleri tarapyndan ýerine ýetirilmeli. API, framework, modul we ş.m ulanylmaga);
  • mobil telefonlary.

c. Hakatonyň dowamynda gatnaşyjylara hakaton meýdançasyndan çykmak gadagan edilýär.

6. Ýumşy ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt

Hakatonyň ýumşuny ýerine ýetirmek üçin onuň çylşyrymylylygyna laýyklykda 3-8 sagat (bir ýa-da birnäçe gün hem bolup biler) berilýär. Ýumuş wagtyndan öň ýerine ýetirilen ýagdaýynda ol eminlere görkezilip bilner, emma onuň çalt, ýagny kesgitlenen wagtdan öň ýerine ýetirilmegi üçin hiç-hili artykmaçlyk göz öňünde tutulmaýar. Wagtynda tamamlanmadyk ýumuşlar, bellenilen wagt geçenden soň, gatnaşyjynyň islegine görä eminlere şol görnüşde tabşyrylýar.

7. Hakatonyň ýeňijilerini kesgitlemek

Hakatonyň ýeňijileri eminleriň goýan ballaryny jemlemek we olaryň umumy köplügi boýunça kesgitlenilýär. Hakatonyň netijeleri boýunça toparlaýyn görnüşde 1 (bir) ýeňiji kesgitlenilýär.

Toparlaýyn görnüşde 1 sany baş baýrak, 2 sany I orun, 2 sany II orun, 3 sany III orun berilýär. Hakatonyň ýeňijileri Hormat hatlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanýar.

Hakatona gatnaşyjynyň berlen bahadan närazy bolan ýagdaýynda garaşsyz ekspertleriň gatnaşmagynda arza-şikaýat topar döredilýär. Topar agzalary seljerip, degişli çözgüt çykarýar, eger berlen baha hakykatdan-da nädogry bolsa, eminler toparynyň goýan bahasyny üýtgetmegi teklip edýärler. Bu teklip we gelnen netije ses bermek arkaly we sesleriň umumy köplügi nazara alnyp amala aşyrylýar. Eger-de netijäniň üýtgedilmegi ýerlikli we dogry hasaplanylan bolsa, bu barada beýanda görkezilýär. Beýana arza-şikaýat toparynyň we eminler toparynyň ähli agzalary gol çekýärler. Toparyň çözgüdi gutarnykly hasaplanylýar we täzeden seredilmäge degişli däldir.

Hasaba alyş kagyzyny şu salgydan ýükläp bilersiňiz