“Zähmeti goramagyň Bütindünýä güni” mynasybetli “Durnukly ösüşi üpjün etmekde zähmet howpsuzlygyny kämilleşdirmegiň ähmiýeti” atly test bäsleşigi geçirildi

Halkyň kalbyna hem aňyna unudylmajak döwür bolup, zer bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky bagtly eýýamyň gujagynda bagtyýar ýaşaýar. Ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzda asyrlara ýaň saljak tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni şanly üstünliklere beslenýär. Üstümizdäki ýylyň 30-njy aprelinde Türkmen oba hojalyk institutynda hereket edýän “Inžener konstruktor” atly gurnagynyň gurnamagynda “Zähmeti goramagyň Bütindünýä güni” mynasybetli “Durnukly ösüşi üpjün etmekde zähmet howpsuzlygyny kämilleşdirmegiň ähmiýeti” atly test bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige institutymyzyň talyp ýaşlary işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Nirede zähmet joş urýan bolsa, nirede agzybirlik bilen zähmet üstünligine ýetilýän bolsa, şol ýerde gujurlylyk, gaýratlylyk, maksada okgunlylyk, ýaşlyk joşguny bar. Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmek baradaky beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň geljege ynamly edermen ýaşlaryna berk ynanýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýär.

Biziň ýokary okuw mekdebimizde hem ýaşlaryň diňe bir okamagy üçin däl, eýsem, okuwdan boş wagtlary döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin hem birnäçe şertler döredilen. Talyp ýaşlar okuwlaryndan boş wagty sport klubyna, okuw mekdebimizde hereket edýän ÝUNESKO klubyna, ylmy işlere, şeýle-de birnäçe gurnaklara gatnaşyp, ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna, olimpiadalara, medeni köpçülik çärelerine işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Inžener konstruktor gurnagynyň gurnamagynda geçirilen “Durnukly ösüşi üpjün etmekde zähmet howpsuzlygyny kämilleşdirmegiň ähmiýeti” atly test bäsleşigine gatnaşan institutymyzyň talyp ýaşlary bu bäsleşige işjeň gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen bu bäsleşikde institutyň Gidrotehniki desgalar taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby Aýsoltan Faýzullaýewa 1-nji orna, Agroinženerçilik taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Kerwen Begliýew, Gidrotehniki desgalar taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby Jeren Batyrowa 2-nji orna, Gidroteniki desgalar taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby Perhat Akyýew, Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Amangeldi Atagulyýew, Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Jeýhun Garýew 3-nji orna mynasyp boldular. Talyplara hormat hatlary, şeýle-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bize şeýle eşretli zamanany peşgeş beren, ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Batly gadamlary diňe üstünliklere beslensin!

Gölbaý Gylyjow

Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak

kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi