Inžener we kompýuter grafikasy boýunça VI internet ders bäsleşigi geçirildi

Türkmen oba hojalyk instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça geçirilen VI internet ders bäsleşigininiň netijelerini yglan etdi. Bu barada institutyň saýty habar berýär (https://tohi.edu.tm/graphic.php).

Bäsleşik inžener grafikasy hem-de kompýuter grafikasy boýunça iki günüň dowamynda geçirildi. Inžener grafikasy boýunça ýurdumyzyň 8 sany ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 24-si baýrakly orunlara eýe boldular. Talyplaryň 4-si birinji, 8-si ikinji, 12-si üçünji orunlara mynasyp boldular.

Inžener grafikasy boýunça Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 2-nji ýyl talyby Nepesmyrat Gaipow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Anna Annaýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Muhammet Käbäýew hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Begli Parahadow birinji orunlara mynasyp boldular.

Kompýuter grafikasy boýunça ýurdumyzyň 10 sany ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 30-y baýrakly orunlara eýe boldular. Talyplaryň 5-si birinji, 10-sy ikinji, 15-si üçünji orunlara mynasyp boldular.

Kompýuter grafikasy boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Şöhrat Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 3-nji ýyl talyby Akmuhammet Taganow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby Gurban Arslanow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5-nji ýyl talyby Baýrammämmet Nyýazow hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Wepa Aşyrow birinji orunlara mynasyp boldular.

Umuman, ders bäsleşiklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 94 talyp gatnaşdy.

Inžener we kompýuter grafikasy boýunça geçirilen VI internet ders bäsleşigine gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan çäksiz alkyşlaryny aýdýarlar!

Umida ABDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy