Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 143 ýyllygy mynasybetli onlaýn ylmy maslahaty geçirildi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 143 ýyllygy mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda “Ak mermerli Aşgabat” atly onlaýn ylmy maslahaty geçirildi. Maslahat üç günüň dowamynda, ýagny 2024-nji ýylyň 21-22-23-nji maýynda üç dilde - türkmen, iňlis, rus dillerinde geçirildi. Maslahata onlaýn arkaly ýurdumyzyň dokuz sany ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda Türkmen oba hojalyk institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary ak mermere beslenen Aşgabat şäheriniň gözelligini, milli binagärlik nusgalary esasynda gurlan ajaýyp binalaryny, ýazyjy-şahyrlaryň dilinde wasp edilişini beýan edýän nutuklar bilen çykyş etdiler. Maslahatyň ilkinji gününde türkmen dilinde jemi 23 nutuk, ikinji gününde iňlis dilinde 21 nutuk, üçünji gününde rus dilinde jemi 17 nutuk diňlenildi. Edilen çykyşlarda merjen paýtagtymyzyň gün-günden gözelleşýän keşbi, Ginnesiň rekordlar kitabyna giren täsinlikleri üç dilde wasp edildi.

Ylmy maslahatda çykyş edenler gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň adyny arşa galdyrmakda, onuň täsinliklerini dünýä ýaýmakda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Miwe NURYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy