Geodeziýa boýunça III internet ders bäsleşigi geçirildi

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmek hem-de zehinli talyplary ýüze çykarmak, olary ylmy gözleglere ugrukdyrmak geodeziýa dersi boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Geodeziýa boýunça III internet ders bäsleşigini geçirildi.

Bu bäsleşige ýurdumyzyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyp ýaşlary gatnaşdy.

Bäsleşige gatnaşýan talyplar sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp https://tohi.nesil.edu.tm/ web sahypasynda 75 sany test soragdan ybarat bolan soragnamalaryny işlemek bilen öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Talyplaryň 20-si üstünlikli çykyş edip, olaryň 3-si birinji, 7-si ikinji, 10-sy üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýokary görkezijileri gazanan Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji talyby Sona Arazgeldiýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Aýsoltan Durdymämmedowa hem-de şol uniwersitetiň 1-nji ýyl talyby Bilbil Abdyýewa I orny eýelemegi başardylar.

Geodeziýa boýunça III internet ders bäsleşigine gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan çäksiz alkyşlaryny aýdýarlar!

Şatlyk PYGAMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň müdiri