Genetika boýunça II internet ders bäsleşigi geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda Genetika dersi boýunça II internet ders bäsleşigi geçirildi. Geçirilen ders bäsleşigine institutymyzyň we ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň: Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk Akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Ders bäsleşigine jemi ýokary okuw mekdeplerinden 39 sany talyp gatnaşdy.

II internet ders bäsleşiginde talyplar genetika dersine degişli testleri çözmek arkaly özleriniň zehinlerini görkezdiler. Ýokary görkeziji görkezen talyplar Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory tarapyndan I,II,III diplomlar bilen sylaglanyldy.

Talyp ýaşlara okamaga, döretmäge, ylmy işler bilen meşgullanmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlar aýdýarys we janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

Bahtiýar SALIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň müdiri