“Ylym ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli “Ylym ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr” atly professor-mugallymlaryň, hünärmenleriň, aspirantlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Onda çykyş edenler sanly tehnologiýalary ulanyp, ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň innowasion tehnologiýasyny, ekerançylyk meýdanlarynyň toprak kartasyny düzmekde GIS tehnologiýalarynyň ulanylyşyny, häzirki zaman oba hojalyk ylmynyň ösüşinde innowasiýalaryň ornuny, häzirki döwürde ylmyň ýeten sepgitlerini, ylym ulgamyny ösdürmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýetini uly buýsanç bilen giňişleýin gürrüň berdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly üstünliklere eýe bolýandygyny bellemek gerek. Ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ylmy edaralarynda ýaş hünärmenleri, alymlary taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmekde-de asylly işler alnyp barylýar.

Geçirilen ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde sergi gurnaldy. Bu sergide institutymyzda hereket edýän ylmy gurnaklara gatnaşýan talyplar özleriniň taýýarlan görkezme esbaplary boýunça çykyş edip, ukyp başarnyklaryny görkezdiler.

Biz talyp ýaşlara ylym bilen meşgullanmaga, häzirki döwrüň ylmy usullaryny ele almaga, okamaga we döretmäge, ökde hünärmenler bolup ýetişmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.

“Inžener-meliorator” gurnagynyň agzasy,
Gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby
Begli SAPAROW