“Agritech” hakaton bäsleşigi geçirildi

Türkmen oba hojalyk instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “AGRITECH” atly hakaton bäsleşigini geçirdi. Bäsleşigiň esasy maksady institutyň okuw rejesiniň maglumatlar bazasynyň üstünde işlemek we dolandyrmak hem-de programma üpjünçiligine geçirmek bolup durýar.

“AGRITECH” hakaton bäsleşigi ýurdumyzyň 14 sany ýokary okuw mekdeplerinden 15 sany topar gatnaşdy. Olaryň 9 sanysy baýrakly orunlara eýe boldular. Umuman ýokary okuw mekdeplerinden birinji orun 1 (bir) sany, ikinji orun 3 (üç) sany, üçünji orun 5 (bäş) sany topar mynasyp boldular.

Hakaton bäsleşiginde Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplar topary 1-nji oruna, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplar topary 2-nji orunlara mynasyp boldular. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplar topary 3-nji orunlara mynasyp boldular.

“AGRITECH” atly hakaton bäsleşigine gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan çäksiz alkyşlaryny aýdýarlar!

Kurbangeldi HANDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyňmugallym-öwrenijisi